Toýda şöhratyň bolar

1 Mart 2022
684

Mähriban halkymyzyň kalbynda döredijilik ylhamynyň joşmagy hemişe haýran galdyrýar. Bizde tebigatyň gudratyndan we adam ellerinden dörän iki täsinlik — haly we at bar. Ene-mamalarymyz on barmagynyň çeperliginden, ýürek yhlasyndan döreýän halydyr palaslary dokamak, nepis nagyşlary keşdelemek, ata-babalarymyz bolsa oglanlygyndan bedew atlary seýislemek bilen, türkmeniň medeni mirasyny asyrlarboýy kämilleşdirip, nesillere ýetirdiler, milli mirasymyzyň dünýäde şan-şöhratynyň ýokary derejelere ýetmegine öz mynasyp goşandyny goşdular. Sebäbi türkmeniň milli gymmatlyklaryny — gözüň ýagyny iýip barýan çog gyzyl halysyny, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewini synlamadyk, olara buýsanmadyk ýok bolsa gerek.

— Jemşit, haýda, Garagaş öňe saýlanýar-a, yza galma-how! — diýip, eşidilýän sesler Garagaşy aljyradaýjak ýaly, ýöne ol badyny gowşatman süýnüp barýar. Akmelek onuň yzyna eýgermedi. Çapyksuwar Jemşit atdan göwniçökgünlik bilen düşdi, adamlaryň ýüzüne seretmäge ejap etdi.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.