Zaman we Eýýam — ýagty günlerimiziň ýakymy

1 Mart 2022
651

Bagtdan paýly halkymyzyň durmuşynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan şu ýylymyz täze başlangyçlary bilen şanly ýyllaryň birine öwrülýär. 23-nji fewralda döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna gelip, ýylyň başynda dünýä inen Zaman atly taýçanak bilen didarlaşmagy, täze doglan alabaýa at dakyp bermegi her bir ynsanyň dünýäsini ýakymly duýgulara gaplady.

Milli Liderimiziň alabaýjygy çep elinde göterip, gujagyna gysmagynyň, sag eli bilenem taýçanajygyň sagrysyny sypamagynyň simwoliki manysy bar. Bu birinjiden, pederlerimiziň milli gymmatlyklarymyza sarpasynyň şu günki dabaralanmasy bolsa, ikinjiden, durky bilen wepalylyga ýugrulan ynsan gylykly jandarlara mähremligiň, rehimdarlygyň nyşanydyr. Bu pursatlar hakydalarymyza baky möhürlener.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW.