Dökün önümçiliginde möhüm açyş

1 Mart 2022
911

Ýaponiýanyň fizika we himiýa gözleg institutynyň alymlary suwdan ekologiýa taýdan arassa wodorody süzüp almagyň katalizatoryny işläp taýýarladylar. täze döredilen katalizator gymmat serişdeleri ulanmagy aradan aýyrýar. Ony döretmek üçin alymlar marganes we kobalt oksidleriniň garyndysyny ulandylar.

Wodorod ammiak önümçiliginde zerur serişdeleriň biri bolup, dünýäniň iri ammiak öndürijileri henize çenli wodorod almagyň köp çykdajyly usulyndan peýdalanýardylar. Önümçilikdäki katalizatorlaryň düzüminde platina, iridium ýaly has gymmat maddalar hem bar. Ýapon alymlarynyň çözgüdi bilen döredilen katalizatorlaryň ulanylmagy bolsa, öndürilýän önümiň ykdysady taýdan düşewüntliligini ýokarlandyryp, onuň daşky gurşawa zyýanly täsirini ep-esli azaldar.

Altyn DURDYMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.