Ilkinji önüm eksporta ugradyldy

1 Mart 2022
859

Ýylyň ähli möwsüminde ilatymyzy ter gök-bakja önümleri, miweler bilen üpjün etmekde kärendeçi daýhanlar bilen birlikde, hususy işewürler hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şolaryň biri hem Kerki etrabynda 4 gektar meýdany eýeleýän döwrebap ýyladyşhanada pomidor ösdürip ýetişdirýän telekeçi Batyr Rozyýewdir. Ol «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda pomidoryň bol hasylyny ýetişdirdi. Onuň ýetişdiren önümi Gollandiýanyň «Rük Rizk» we «Zuwan» sortly pomidorlary bolansoň, olaryň tagamy-da, görnüşi-de ýokary boldy.

Pomidor hasyly içerki bazar bilen birlikde daşary ýurtlara hem eksport edilýär. Gazagystan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna şu ýylyň ilkinji hasyly, ýagny pomidoryň ýüz tonnadan gowragy ugradyldy. Häzirki wagtda ýyladyşhanada pomidor ýygymy dowam edýär. Jemal Azadowa, Aksoltan Gurbanowa, Dilber Döwranowa ýaly işçiler ýyladyşhanada diňe bir pomidor hasylyny ýygnamak bilen çäklenmän, olara ideg etmek işlerini-de üstünlikli alyp barýarlar. Ýyladyşhananyň agronomy Maksat Mämmetkulow bolsa, ekinleriň ýagdaýyna seljerme bermek bilen, olary suwarmagyň we dökünlemegiň wagtlaryny anyklaýar.

Kamil KAMALOW,
TKA-nyň Kerki etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.