Bruneýde kuwwatly kärhana işe başlady

1 Mart 2022
950

Günorta-Gündogar Aziýa degişli bolan Bruneýde iň uly dökün kärhanasynyň gurluşygy tamamlandy. Onda her gün 2,2 müň tonna ammiak we 3,9 müň tonna karbamid öndüriler. Eýýäm ilkinji günlerinde kärhananyň gündelik öndürýän karbamidiniň mukdary 3 müň tonna ýetdi. Ilkinji önümler synag hökmünde Koreýa Respublikasyna we Taýlanda ýollanyldy.

Kuwwatly kärhananyň düýbi 2018-nji ýylda tutuldy. Ony geçen ýylyň ikinji ýarymynda ulanmaga bermek meýilleşdirilipdi, ýöne kärhananyň meýdanyny giňeltmek maksady bilen, açylmaly wagty gijikdirildi.

Bahar HOJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 46-njy orta mekdebiň mugallymy.