Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary

15 Fewral 2022
562

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny tassyklamak hakynda

Täze taryhy döwürde uly özgerişlikleri başdan geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine galýar. Söýgüli Watanymyzy gurşap alan guwandyryjy özgertmelerden ruhlanan, onuň bütin dünýädäki barha artýan abraýyna we şöhratyna tüýs ýürekden buýsanýan türkmenistanlylar ýurdumyzda yglan edilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryny bütin kalplary bilen gyzgyn garşy aldylar. Olar jemgyýetiň durmuşyny özgertmek, onuň röwşen geljegi üçin yhlasdyr joşgun bilen zähmet çekýärler.