Ýaşyl maýsalaryň idegi

22 Fewral 2022
1010

Şu günler Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri ýaşajyk bugdaý maýsalaryna ideg işlerini birkemsiz berjaý edýärler. Atyzlara çilleriň çekilmegi bugdaý ekilen atyzlarda suwuň tekiz düşmegine ýardam berýär. Çil çekmekde hojalygyň mehanizatorlary Geldimyrat Geldiýew, Bäşim Hebiýew, Kaka Kakaýew dagy her güni ýokary iş netijeleri bilen jemlediler.

Bu ýerde ýaşajyk bugdaý maýsalaryny mineral we ýerli dökünler bilen iýmitlendirmekde daýhan birleşigiň mehanizatorlary hem öz gaýratlaryny görkezýärler. Kärendeçiler häzirki wagtda atyzlaryň töwereklerini, çilleri guran ot-çöplerden, salmalary gyrmançalardan arassalaýarlar. Hojalykda alnyp barylýan işleri synlanyňda, kärendeçileriň eken 750 gektar meýdanyndan guşgursak ak bugdaýdan ýokary hasyl öndürip, azyk bolçulygyna uly goşant goşjakdyklaryna bolan ynamyň artýar.

Muhammetkuly ÇARWAÝEW,
TKA-nyň Akdepe etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.