Abadançylyk — bagtyýarlygyň sakasy

22 Fewral 2022
594

Milli Liderimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitaby neşir edildi

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Tanyşdyrylyş dabaralaryna Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, şeýle hem jemgyýetçilik, döredijilik işgärleri, alymlar, medeniýet işgärleri, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

«Bereketli toprak».