Çeper döredijiligiň halk ussasy

22 Fewral 2022
1153

Ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamakda, dünýä ýaýmakda we döwrebap ösdürmekde köp işler amala aşyrylýar. Bu babatda senetçiligiň agaç ussaçylygy ugry hem-de hünärmentçilik täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, barha rowaçlanýar. Türkmen saz gurallaryna, senetçilik sungatyna uly üns berilýär. Ýaňy-ýakynda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ählimiziň buýsanjymyza buýsanç goşdy. Biz hem golaýda Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy, çeper döredijiligiň halk ussasy Agamurat ROZYÝEW bilen söhbetdeş bolduk.

— Agamurat aga, sizi ilki bilen, «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen ada mynasyp bolmagyňyz bilen gutlaýarys!

Söhbetdeş bolan Jennet RAIMBAÝEWA, öz habarçymyz.
Surata düşüren Merdan Orazow.