Garaköli goýunlarynyň seçgiçilik aýratynlygy

22 Fewral 2022
918

Çarwadarlaryň arasynda «Höwür goç – süriniň ýarysy» diýen ýörgünli düşünje bar. Munuň özi tohumçylyk işini alyp barmak, dowarlaryň önümliligini artdyrmak, önümiň hilini ýokarlandyrmak, tohum mallary ýetişdirmek üçin öňürti höwür goçlaryň tohumlylyk hilini gowulandyrmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny aňladýar.

Tohum goç guzular saýlanyp alnanda, esasan, beden gurluşy dürs, goýy gara (intensiw) reňkli, ýarymaýlaw buýraly, buýralarynyň ini ortaça, uzynlygy uzyn we ortaça uzynlykda bolup, guzynyň göwresinde endigan ýerleşip, aýdyň görünýän, tüýi gür, ýalpyldysy güýçli we kadaly derejede bolan mallar alynýar. Ýokarda görkezilen alamatlaryň toplumyny özünde jemleýän saýlantgy hem-de I derejeli goç guzular saýlanyp alnyp, ösdürime goýberilýär. Goç guzulara hil bahasy berlende, olaryň tüýüniň ýalpyldysyna aýratyn üns berilýär. Sebäbi bu alamatlar bagananyň harytlyk hilini, nepisligini, jana ýakymlylygyny, göze gelüwliligini kesgitleýär.

Merjen MERGENOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.