Bathyza ýaz geldi!

1 Mart 2022
1184

Bathyza syýahat edeniňde, daşyňy gurşap alýan sähralygyň hem-de pisse tokaýlygynyň gözelliginiň waspyny taryplap, gutaryp bolmaýar. IХ asyrda ýaşap geçen arap taryhçysy Al Magdysyn Bathyzyň gözelligini wasp edip: «Bathyzyň töwerekleri bahar aýlarynda has ajaýyp» diýip ýazýar.

«Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde tekiz sähralyk we baýyrlyk meýdanlar bar. Sähralykda ýaz aýlarynda gyzyl, sary, mawy reňklere beslenip oturan ýaýlalary, siňňitli ýagan mylaýym ýagyşdan soň, gök dona bürenip oturan maýsalary, ýapraklary ýag çalnan deýin ýalpyldaşyp oturan daragtlary göreni özüne bendi edýär. Asuda, arassa asmana seretseň, uzagrakdan durnalaryň setir bolup uçup barýanlaryny synlamak bolýar. Olar bize ýazyň gelendigini, indiki güýze çenli göçüp barýandyklaryny duýduryp, uçup gidýärler. Bu ajaýyp guşlar hiç haçan öz uçýan ugurlaryny üýtgetmeýärler.

Atageldi PIRNYÝAZOW,
«Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.