Sagdynlygyň mekany

22 Fewral 2022
837

Saglyk — ynsan ömrüniň bezegi, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlykdyr. Adam öz saglygyny saklajak we ony gorajak bolsa, tebigat bilen sazlaşykly gatnaşykda bolmaly, diňe ýagşy işlere baş goşup ýaşamaly, zyýanly endiklerden daşda durmaly. Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllarda hem adam üçin saglykdan uly baýlygyň ýokdugy nygtalýar. Maşgala abadançylygy, jemgyýetiň sagdynlygy, döwletiň kuwwatlanmagy, gülläp ösmegi, halkyň, aýratyn hem, ýaş nesliň saglygyna baglydyr.

Ynsan saglygy barada alada etmek, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, sporty ösdürmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Myratberdi ÝAZBERDIÝEW,
Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminiň lukmany.