Ter önümleriň ygtybarly gory ammarlarda

22 Fewral 2022
1090

2018-nji ýylda Lebap welaýatynyň «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň täze ammarlarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi birleşikde alnyp barylýan işleriň gerimini we netijeliligini artdyrdy. Umumy sygymy 3 müň tonna bolan bu ammarlar gök we bakja önümlerini uzak wagtlap ter saklamaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda bu ammarlarda 2700 tonna önüm saklanylýar. Şonuň 2030 tonnasy ýeralmadyr. Şeýle hem 240 tonna käşir, 105 tonna sogan saklanylýar. Bulardan başga-da, ammarlarda kelemiň, almanyň, sarymsagyň, şugundyryň onlarça tonnasy bar.

Irina HEMRAKULYÝEWA,
TAP-nyň Türkmenabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni.