Topragy magnitlendirilen suw bilen ýuwmagyň usuly

25 Ýanwar 2022
980

Şorlaşan ýerleri ýaramly ýagdaýa getirmegiň usullaryny kämilleşdirmek işleri suwarymly ýerleriň möçberini artdyrmagyň hasabyna täze girdeji çeşmesini döretmäge we sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Suwaryş suwuny magnitogidrodinamik ýagdaýda işjeňleşdirmek ýa-da suwy magnitlendirmek şorlaşan topraklaryň şoruny ýuwmagy çaltlandyrmak üçin amatly usuldyr. Şorlaşan ýerler magnitlendirilen suw bilen ýuwulýan wagtynda suwuň sarp edilişiniň adaty ýuwuş suwy bilen deňeşdirilende, azalýandygyny we ýuwmagyň dowamlylygynyň ep-esli gysgalýandygyny geçiren ylmy-barlag işlerimiziň netijesi görkezdi.

Magnit enjamyndan geçirilen suw ýa-da magnitogidrodinamik ýagdaýda işjeňleşdirilen suw bilen ýuwuş suwy berlende, şol toprakdaky ergine täsir edip, ýagny, molekulýar güýçler arkaly topragyň bölejikleri bilen pugta baglanyşykly duz ergininiň eredijiligini güýçlendirýär, bu bolsa toprakdaky duz ergininiň çalt ýuwlup, aýrylmagyna getirýär.

Hydyr HAÝDAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.