Ýaz ekişine taýýarlyk işleri barha ýaýbaňlanýar

25 Ýanwar 2022
930

24-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işlere we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda welaýatlara guran iş saparlarynyň dowamynda sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we saparyň netijeleri barada aýdyp, bu ugurdaky işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede guramak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

«Bereketli toprak».