Ejem janyň dokan haly horjuny (Hekaýa)

1 Fewral 2022
703

Ýokary okuw mekdebinde okap alan hünärim meniň öz obamdan daş ýerlerde işlemegime sebäp boldy. Dogduk obama aýda-ýylda hem bir gezek gelip bilmeýän wagtlarym kän bolýardy. Ýöne her gezek ejemi ýatlasam, onuň tamyň kölegesinde ýüň arassalap, saýyp, daraklap taýýarlan, dürli reňkli ýüzlerçe sümeklerini bir başyndan egrip oturşy göz öňüme gelýärdi. Şol bada hem Çaryýar agam bilen ejemiň haly horjun baradaky gürrüňi gulagyma eşidilip başlaýardy. Ejemiň ýüzüniň az-kem üýtgemesi, müýnli, syrly ýylgyrşy mende täsin, nämälim duýgyny oýandyrýardy. Soňky döwürlerde horjunyň nagyşlarynda bir syryň bar bolaýmagynyň mümkindigi, ony derňäp görmek baradaky pikir meniň kellämden çykmaýardy. Haly baradaky okan rowaýatlarym, makalalarym bu hyýalymy has-da öjükdirýärdi. Şol makalalarda haly gölleriniň, nagyşlarynyň köp-köp syrlary özünde saklap bilýändigi barada aýdylýar, hatda döwrüň taryhyny hem halynyň nagyşlaryndan okap bolýar diýip ýazýarlar. Şeýle bir bolan waka barada ýazylan rowaýaty okanymda has-da haýran galdym. Ol rowaýatda bir ýerlere ýesir düşen naçar gyz dokaýan halysyna ýaşaýan ýeriniň adyny, salgysyny, oňa barýan ýollary çitýär. Üýtgeşik nagyşly, şeýle owadan halyny söwdagärler dürli şäherlerde satýarlar. Şol halylaryň biri jigisiniň nirä düşenini bilmän ýören agalarynyň eline gelýär. Jigisiniň dokmasyna belet agalary halydaky nagyşlaryň arasyna salnan salgylaryň üsti bilen öz naçar uýasyna gowuşýarlar. Bu rowaýat däl-de, hakykatdyr.

Her gezekki ýatlamalar, aýratyn-da, hormatly dynç alşa çykyp, elimiň boşamagy horjun bilen ymykly gyzyklanmagyma sebäp boldy. Şu maksat bilen oba baranymda horjunyň metjitde saklanýandygyny, käwagt bolaýmasa, onuň indi ulanylmaýandygyny aýtdylar. Ikindinara, namaz wagtyndan öňräk metjide bardym. Metjidiň ymamy Esen hajy «Gel, ýaşuly!» diýip, meni gadyr bilen garşylady. Öten-geçenlere aýat okanymyzdan soňra meniň horjun baradaky habarymy aldy. Horjun metjidiň odur-budur goýulýan ýerinde saklanýan eken. Hakykatdan-da, ol diýseň könelipdir, ýüzi sürlüp, käbir nagyşlary zordan saýgardýardy. Men bu horjuny ejemiň dokanyny aýdanymda, Esen hajy haýran galdy. Asyl ol horjunyň kimiňkidigini hem bilmeýär eken. Dogrusy, hajy aga bu habara ynanmajak boldy.

Şamyrat AKMYRADOW,
Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy.