Sarwanlaryň yhlasy

25 Ýanwar 2022
1145

Hormatly Prezidentimiziň düýedarçylygy ösdürmek baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Sakarçäge etrabyndaky Sakarçäge maldarçylyk hojalygynyň maldarlary gyş paslyny hem hemmetaraplaýyn taýýarlykly garşyladylar. «Oty köpüň maly dok» diýen ýörelgeden ugur alýan maldarlar ýagyşly-ýagmyrly günlerde diňe bir mallaryň gowy gyşladylmagyny üpjün etmek, düýeleriň iýmitlenýän ot-çöpleriniň bol öri meýdanlaryny gyş üçin saýlap almak bilen çäklenmän, eýsem, zerur ýagdaýynda peýdalanyp bolar ýaly ätiýaçlyk ot-iým goruny hem öňünden taýýarlap goýdular. Ine, şonuň üçin hem 1172 tonna iri baldakly oty, 65 tonna ýorunja bedesini hem-de 166 tonna arpany möwsüme taýýarlan maldarçylyk hojalygynyň kärendeçi sarwanlary düýeleriň gowy gyşladylmagyny gazanýarlar.

Etrabyň «Şyhmansur», «Galandar», «Hanguýy» ýaly bol ot-çöpli ýaýlalarynda bakylýan mallar özleriniň orta semizlikdäki ýagdaýyny saklaýarlar. Kärendeçi çopan toparlarynyň 19-syny özünde jemleýän hojalykda Rahym Jumanyýazow, Dörtguly Baýramow, Maksatmuhammet Jumanyýazow, şeýle hem doganlar Mekan we Tuwakmyrat Tuwakmyradowlar ýaly sarwanlaryň bakýan düýeleriniň ýagdaýlary has-da gowy.

Gurbandurdy MAWYÝEW,
TAP-nyň Sakarçäge etrap komitetiniň başlygy.