Bagly — barly

25 Ýanwar 2022
1020

Türkmen halky bag ekmegi mydama sogap iş hasaplapdyr. Täze maşgala emele gelende ýaşaýşyň, gözelligiň, söýginiň, mukaddesligiň, perzent dünýä inende bolsa, bitewüligiň, müdimiligiň nyşany hökmünde ata-babalarymyz bag ekipdir. Tebigata aýawly çemeleşip, onuň bilen sazlaşykly, bitewülikde ýaşapdyr. Taryhdan mälim bolşy ýaly, siwilizasiýalaryň iň gadymy ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri — dagdan akýan suwlary, gurply topragy, amatly howasy ösümlikleriň giň ýaýramagyna we dürli görnüşlerine baý bolmagyna, şeýle-de ekerançylygyň döremegine itergi beripdir.

Türkmen halky bag ýetişdirmäge orta asyrlarda has uly ähmiýet beripdir. X asyryň taryhçysy Al-Istahry: «Merw özüniň arassalygy, ýerleşişiniň owadanlygy, jaýlaryň biçüwi we kanallaryň arasynda kwartallaryň ýerleşişleri, agaçlaryň ekilişi babatda Horasanyň başga şäherlerinden ýokary derejede bolupdyr» ýa-da «Merwiň guradylan miwelerine, ýagny, kişmiş we beýlekilere gaýry ýurtlardan isleg bildirilipdir. Merw miweleri şeýle süýji bolupdyr, hatda gawunlary dilim-dilim kesilip, Yraga äkidilipdir» diýip, Merwde miweleriň köp öndürilendigini beýan edýär.

Daýanç NURMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.