Ilkinji hem ynamdar syrdaş

25 Ýanwar 2022
989

Hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzyň ýaşaýşynda özboluşly orun eýelän alabaý itleri gadymyýetiň tümlügini aşyp, şu döwre geldiler» diýip belleýär. Arheologiýa ylmyndan belli bolşy ýaly, türkmen alabaý itleriniň nesliniň ilkinji eldekileşdirilip başlanan döwri hakynda alymlar tarapyndan birnäçe pikirler öňe sürülýär.

Itleriň gelip çykyşyny anyklamak üçin geçirilen arheologiýa barlaglarynyň netijesinde mezolit döwrüne degişli tapyndylaryň arasynda olaryň süňkleri ýüze çykaryldy. Bu itiň süňkleri ilkinji rug jemagatynyň kowçum bolup ýaşan ýerlerinde saklanyp galypdyr. Alymlar muny şol döwürde itleriň ilkinji gezek eldekileşdirilip başlanmagynyň şertleri hökmünde häsiýetlendirýärler. Eýýäm şol döwürde adamlar itiň wepadar hem kömekçi häsiýetiniň bardygyna göz ýetirip başlapdyrlar. Şeýle-de W.M.Massonyň Jeýtun medeniýetinde alyp baran arheologiýa barlag işleriniň netijesinde itiň şekiline meňzeş heýkeljikleriň bölegi ýüze çykaryldy. Onuň pikirine görä, ol heýkeljikler dessur ähmiýetli bolup, olaryň kömegi bilen dini däp-dessurlary amala aşyrypdyrlar.

Serdar MAŞARYKOW,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.