Gadyrly okyjylar!

1 Fewral 2022
521

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe neşir edilýän «Bereketli toprak» hepdelik gazetiniň çap görnüşine 2022-nji ýylyň birinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini habar berýäris. Redaksiýanyň agzybir işgärleri hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwletli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikleri, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanyşy, obalardyr etraplaryň abadanlaşdyrylyşy baradaky täsirli makalalary, habarlary we suratlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirmäge çalyşýarlar.

«Bereketli toprak» gazeti siziň ýakyn maslahatçyňyzdyr. Onuň bilen her hepdede duşuşmak üçin gazetiň abunaçysy boluň! Gazetiň abuna ýazylyşygynyň indeksi — 69508. Gazetiň ýarym ýyllygynyň bahasy 7 manat 80 teňňe. Abuna ýazylyşyk «Türkmenpoçtanyň» ýerlerdäki kärhanalarynda geçirilýär.