Ejem janyň dokan haly horjuny (Hekaýa)

25 Ýanwar 2022
702

Her gezek oba gelenimde irki döwürlerde gurlan bir gat, pessejik mekdebiň ýerinden salnan iki gat, iki binaly, beýik, ýagty, giň sport meýdançaly, garaz, «Täzeden okaýsam» diýdirýän mekdep muzeýiniň sergiler jaýyna baryp görýärin. Bu sergide ekerançylykda, hojalykda ulanylan gadymy zatlaryň hemmesi bar. Sergini görseň, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň yhlaslylygyna haýran galyp, köpleriň ýadyndan çykyberen köne dünýäsine aýlanyp gelen ýaly bolýarsyň. Halydyr halyçalaryň, palaslaryň, ini bir garyş uzyn guşaklaryň, bukjadyr beýleki zatlaryň arasynda hatar-hatar uşajyk nagyşly, owadan agyz bagy bolan horjuna hem gözüň düşýär. Bu horjun dokalanyna ýetmiş ýyl geçen, ejem janyň dokan haly horjunydy. Horjunyň aşagyndaky ýazgyda ejemiň suraty, ady, horjunyň dokalan ýyly ýazylgy durdy. Horjun barada gürrüň berýän mugallym horjunyň taryhy barada onuň agzyndaky nagyşlara näme üçin «Täji göl» adynyň dakylanyny, ol ýerde nämeleriň ýazylanyny dilden aýdýardy. Her gezek bu horjunyň ýanynda uzak wagtlap saklanyp, sünnälenip dokalan nagyşlaryny sypap-sypap görýärin. Şol nagyşlaryň aňyrsynda ejem janyň keşbi ýylgyryp, maňa seredip duran ýalydy. Ol göýä nagyşlaryň arasyndan çykaga-da: «Jan oglum, janlar oglum! Bal oglum, ballar oglum! Ýumşa ýaran, «gel!» diýsem, gelen, «bar!» diýsem, baran oglum!» diýip, segseniň onuny ortalan ogluny bagryna basyp, onuň çap-çal saçly başyny sypaýan ýalydy. Men bujagaz mähremlikden agramyny ölçäp ýa-da bahasyna ýetip bolmajak, çagalykda ine-gana alyp bilmedik lezzetimi alýardym. Köplenç, bu horjuny synlap durşuma ýatlamalar ummanyna çümüp gidenimi hem duýman galýardym.

... Ol wagtlar men kiçijik oglandym, bolsam, 6 ýaş töweregidir-dä. Ejemiň ýanynda oturyp, onuň edýän işlerini — ýüň tüýdüşini, saýyşyny, darakdan geçirişini synlaýardym. Öýden ýa-da başga ýerden bir zat getirmeli bolsa, ylgap getirip bererdim. Dokma başlanandan soň men hiç ýere, hatda oýnamaga-da gidip bilmeýärdim, dokmanyň ýanynda bolmalydym, ejemiň eýläk-beýläk giden wagty dokmany it-pişikden goramalydym, ýanyma oýnamaga gelýän oglanlara dokmadan häzir bolmalydygyny, daşrakda oýnamalydygyny tabşyrmalydym. Bu hyzmatlaryma guwanyp, ejem janyň söýgülemeleri, «Jan oglum, janlar oglum! Bal oglum, ballar oglum! Ýumşa ýaran, «gel!» diýsem, gelen, «bar!» diýsem, baran oglum!» diýip, meni bagryna basyp, ýaňagymdan, maňlaýymdan ogşap, başymy sypalamasy maňa tükenmejek lezzet, kuwwat berýärdi. Men bu pursatlaryň ýygyrak gaýtalanaryny isleýärdim. Şonuň üçin hem ejemiň buýran ýumşuny iki gaýtalatdyrmaýardym.

Şamyrat AKMYRADOW,
Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy. (Dowamy bar).