Häzirki we geljekki nesiller üçin gymmatly gollanma

25 Ýanwar 2022
630

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýynyň her bir güni taryhy wakalara beslenip, agzybir halkymyzyň kalbynda müdimilik orun alýar. Çünki täze ýyla gadam basylan ilkinji günlerden başlap, milli Liderimiz ýurdumyzyň uly ösüşlerdir özgerişlere eýe bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýär.

Geçen hepde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasy ösüşlerini aýdyňlygy bilen beýan edýän many-mazmuna baý kitaplar çapdan çykarylyp, agzybir halkymyzyň kitap tekjeleriniňdir kitap gorlarynyň üsti dolduryldy. «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» hem-de «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly syýasy wakalaryň çuňňur beýany bolan kitaplaryň neşir edilip, halka ýetirilmegi milli Liderimiziň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan netijeli daşary syýasat ugry bilen okyjylaryň ýakyndan tanyşmagyna döredilen giň mümkinçilikdir.

«Bereketli toprak».