Maldarçylyk pudagy: ýüň we deri çig maly

25 Ýanwar 2022
1094

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatynyň maldarçylyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, mallaryň baş sanyny artdyrmakda, olaryň tohumçylyk-seçgi işlerini alyp barmakda, önümliligini ýokarlandyrmakda we ot-iýmlik binýadyny berkitmekde degişli işleri geçirmek boýunça anyk wezipeler goýuldy. Şu wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda dowardarçylyk pudagynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Dowardarçylyk Türkmenistanda maldarçylygyň kämilleşen we esasy pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň özboluşly tebigy we howa şertleri bu pudagyň üstünlikli ýaýbaňlanmagy üçin örän amatlydyr.

Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynda öndürilýän gymmatly çig mallaryň biri-de ýüňdür. Türkmenistanyň maldarçylyk pudagynda ýüň çig malynyň 5 görnüşi öndürilýär: garaköli, saryja, düýe ýüňi, merinos hem-de angor tipli ýüň. Ýurdumyzyň maldarçylyk we fermer hojalyklarynda hem-de hususyýetçilikde her ýylda müňlerçe tonna ýüň öndürilýär.

Täzegül SEÝITMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň «Ýüň we deri çig malynyň hilini kesgitleýiş» barlaghanasynyň başlygy.