"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Halypa pälwan

Geçen asyryň 70 – 80-nji ýyllarynda ýokary derejede çykyş eden grek-rim göreşiniň ussatlary Gennadiý Nazarowyň, Boris Kramorenkonyň, Ramis Kagramanowyň, Aleksandr Litwinowyň atlary tanyş bolsa gerek. Çykyş eden döwürleri diňe bir ýerli bäsleşiklerde däl, eýsem-de, halkara ýaryşlarynda hem ussatlyklaryny görkezen bu pälwanlar ýurdumyzyň göreş mekdebiniň öň hatarlardadygyny ýyllarboýy görkezmegi başarypdylar. Biz hem şeýle halypalaryň biri, öz döwründe ýurdumyzyň birnäçe gezek ýeňijisi, öňki soýuzyň çäginde geçirilen halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan Aleksandr Litwinow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Tüweleme, göreş bilen bagly hünär ýoluňyz ýarym asyra dagy uzaberipdir.

TFF-niň täzelikleri

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda Aşgabatda ýurdumyzyň futzal eminleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň futzal çempionatynyň (Naýbaşy liga) başlamagynyň öňüsyrasynda dört günlük okuw-maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň maslahatlar zalynda geçirilen okuw-maslahatyň esasy maksady futzal eminleriniň, FIFA-nyň maslahatynda bellenilişi ýaly, oýun düzgünlerine düşündiriş bermekden ybarat boldy. Onuň dowamynda FIFA-nyň fitnes-testi, şeýle-de, oýun düzgüni boýunça wideoýazgylar arkaly ýörite synaglar geçirildi.

Küşt meseleleri

Bölümi Türkmenistanyň milli oýunlarynyň merkeziniň baş tälimçisi B.Atabaýew alyp barýar. 19-njy mesele

Gün urmasyndan goranalyň!

Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Tomsuna bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Ýygy-ýygydan suw içip durmaly. Köçä çykylanda, Gün urmasyndan goranmak üçin ak ýa-da açyk reňkli egin-eşik, kelläňize ýeňiljek başgap geýmeli, ýaglyk atynmaly we saýawan götermegi endik etmeli. Şeýle hem, Günden goraýjy äýnekleri dakynmak maslahat berilýär. Yssy howadan öýe girilende, gyzyp gelip sowuk suwa düşmek, sowadyjynyň öňünde durmak, buz ýaly sowuk içgileri içmek düýbünden ýaramsyzdyr.

Taryhda şu gün

1971-nji ýylyň 10-njy iýulynda kaliforniýaly telekeçiler Geri Dewidson bilen Dennis Merfiniň tagallalary netijesinde Bütindünýä hokkeý assosiasiýasy döredilýär. Hokkeý janköýerleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýan Milli hokkeý ligasynyň (NHL) esasy bäsdeşi hökmünde döredilen WHA guramasy ilkibaşdan iri ýaryşlary guramagy ýola goýýar. Bu gurama, ilkinji nobatda, Fil Espozito, Gordi Hou, Bobbi Hall... ýaly NHL-iň «ýyldyz» hokkeýçilerini öz tarapyna çekýär. 1971-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Nýu-Ýorkda WHA-nyň guramagyndaky ýaryşyň ilkinji duşuşygy geçirilýär. WHA tarapyndan geçirilen iň soňky çempionat 1978/79 möwsüme gabat gelýär. Bu ýaryşyň yzysüresi NHL-iň hem-de WHA-nyň ýolbaşçylary ýaryşlary bir guramanyň astynda geçirmek baradaky ylalaşyga gelýärler. Şondan soň professional hokkeýdäki duşuşyklar täze döredilen Milli hokkeý assosiasiýasynyň guramagynda geçirilip ugralýar.

Futzal çempionaty başlandy

Ýakynda Türkmenistanyň nobatdaky futzal çempionatyna (Naýbaşy ligasy) badalga berildi. Toparlaryň sekizisiniň gatnaşmagynda geçirilýän futzal çempionatynda dört tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Olar paýtagtymyzda geçirilip, netijede «Köpetdag» topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Naýbaşy liganyň 5 – 8-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary 27 – 31-nji iýul aralygynda Mary şäherinde geçiriler.

Ýelden ýüwrük bedewli Arkadagly Diýarym

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda boldy Diňe bir bagtyýar raýatlaryň däl, türkmen halkynyň asyrlarboýy wepaly hemrasy bolup gelýän behişdi bedewleriňem alnyndan ak Gün bolup dogan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni döredip beren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Gadamy batly bedew» atly dürdäne eserinde şeýle setirler bar: «Dünýäniň müň bir gözelliginiň nuruny kalbyňa eçilýän bedewler bilen geçirilýän pursatlarda wagtyň hökümi başgaça bolýar. Şol mahal goýazylygyň, gor-gurbatyň janyňa ornap, aýdyň maksatlara sary beýgelýärsiň. Adaty bolmadyk güýji, kalbyňa ornaýan düşündirip bolmaýan telwasy duýýarsyň».

Ýaşlar — ýurduň gelejegi

1-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz häkimlikleriň, geňeşlikleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we beýleki guramalaryň ilatyň arasynda guralýan terbiýeçilik çärelerine işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamynyň döredilip, şonuň esasynda-da ýaş maşgalalaryň goldanylmagy, ýaşlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olaryň bilim almagy, dynç alşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilendigi zamanamyzyň ajaýyp hakykatydyr.

Sanly okuw-maslahat

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde guramagynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen okuw-masIahat diýseň uly ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilen ajaýyp çäre sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly ýurdumyzyň sport mekdepleriniň hünärmenlerine ýetirildi. Oňa ýurdumyzyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň garamagyndaky sport mekdepleriniň lukmanlary we tälimçi-mugallymlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagy bolsa maslahatyň has-da täsirli geçmegini şertlendirdi. Ähmiýetli maslahatyň başynda ministrligiň sport mekdepleriniň işini we sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy Öwezmuhammet Atalyýew çykyş etdi. Ol sagdyn durmuşyň gözbaşy bolan sportuň ýaşlaryň ykbalyndaky ornuna ünsi çekip, bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işler üçin Arkadag Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologiki üpjünçiligi kafedrasynyň uly mugallymy Güljahan Ýalkapowanyň çykyşy türgeniň fiziki işjeňligini ýokarlandyrýan we dikeldişini tizleşdirýän serişdeler baradaky söhbeti özünde jemledi. Täsirli çykyşyň dowamynda aýdylan maglumatlar ý

Hoşallyk maslahaty

27-28-nji iýun aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow ýurdumyzda resmi saparda boldy. Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz bilen ikiçäk gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça meselelere seredildi hem-de birnäçe resminamalara gol çekildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň arasynda ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem, 2014-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gol çekilen şol wagtky Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet agentliginiň arasyndaky Bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 – 2024-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Türkmenistan – Gyrgyz respublikasy: sport we ýaşlar babatdaky hyzmatdaşlyk

Bu gün Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynamly öňe barýan ýurdumyz dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary, 100-den gowrak döwleti bilen hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. Abraýly halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy bolup durýar. Döwletimiziň esasy hyzmatdaşlarynyň biri-de Gyrgyz Respublikasy bolup, 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Teswirnama esasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şondan bäri iki döwletiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyk ýylsaýyn ösýär. Gyrgyz Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky degişli Kararnamalary bilen iki gezek berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesini goldamak bilen, türkmen tarapynyň ýurdumyzyň ägirt uly parahatçylyk söýüjilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen wajyp halkara başlangyçlaryny makullaýar.

Maslahat geçirildi

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Öňe barýan eziz Diýar, Gahryman Arkadagymyz bar» ady bilen maslahat geçirildi. Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň TMÝG-niň we TDP-niň Aşgabat şäher geňeşleri, Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatynyň möhüm taraplary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýurdumyzda bedenterbiýe sport hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmekde alnyp barylýan uly işler çykyşlarda giň beýanyny tapdy. Bilşimiz ýaly, sport ulgamynda zähmet çekýän adamlaryň, türgenleriň öz işlerini döwrebap alyp barmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Halkara ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sport toplumlarydyr desgalary höwesjeň şeýle hem professioanal derejeli türgenleriň üstünliklerine giň ýol açdy. Halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesi gowulandyryldy. Ýurdumyz bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Bu hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir subutnamasydyr.

Arkadagymyzyň eserlerinde türkmen bedewiniň keşbi

Türkmen halkyny arassa ganly ahalteke bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ajaýyp keşbi bilen dünýäni haýrana goýan ahalteke bedewi gözelligiň, päkligiň, wepadarlygyň nusgasydyr, toý-tomaşalaryň gelşigidir. Her bir ynsanyň söýgüsini gazanmagy başarýan gamyşgulak bedewlerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe günsaýyn ösýän ýurdumyzyň abraýy hem mertebesidir. Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge, ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny goramaga aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiz bu beýik, gaýtalanmajak derejedäki kämil sungatyň syrlaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak, gorap saklamak ugrunda giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýär. Alym Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» atly gymmatly eserleri seýisçilik sungatyna bagyşlanandyr. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserlerinde älemi baglan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, dogry we dürs seýislemek hakynda gymmatly maglumatlar berilýär. Şonuň ýaly-da, ahalteke bedewleriniň dünýä arenasyndaky abraýyny has belende göterjek peýdaly maslahatlar, terbiýeçilik ähmiýetli düşündirişler öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» ýaly ajaýyp eserlerinde türkmeniň bedew atyna bolan sarpasy, söýgüsi uly buýsanç bilen beýan edilýär. Bu gymmatly eserleri okanymyzda milletimiziň bedew atyna bolan söýgüsiniň,

Basketbol bäsleşigi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa düýpli ornaşdyrmagyň, şeýle hem türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmagyň eýýamy hökmünde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilýän sport bäsleşiklerine ýaşlaryň höwes bilen gatnaşýandygy bolsa bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň rowaçlanmasyna öwrülýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň doglan gününe bagyşlanyp Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda basketbol boýunça 2003-2004-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda guralan bäsleşikde 6 topar çykyş etdi. Her bir geçirilen ýaryşyň örän çekeleşikli häsiýete eýe bolandygyny bolsa aýratyn nygtamak gerek. Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň «Bürgüt» topary öňdeligi eýeledi. Sport mekdebimiziň «Bürgüt-2» topary bolsa ýaryşy 2-nji orunda tamamlady. «Bagtyýarlyk» topary 3-nji orna mynasyp boldy.

Sylaglanyş dabarasy

Golaýda Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň Aziýa çempionatynda we halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş eden türgenleri sylaglamak dabarasy guraldy. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary B.Jepbarow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesli sagdyn ruhda hem-de milli terbiýede ösdürip ýetişdirmek boýunça alyp barýan beýik işlerinden ugur alnyp, durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi. Ol 2021-nji ýylyň 16 – 25-nji aprelinde Daşkent şäherinde (Özbegistan Respublikasy) geçen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň, 12 – 17-nji aprel aralygynda suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşynyň, mundan başga-da, Almaty şäherinde (Gazagystan Respublikasy) erkin we grek-rim göreşleri boýunça yklym çempionatynyň mekdebiň türgenleri üçin diýseň düşümli bolandygyny nygtady. Şeýle-de, çykyşda 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna +109 kg agramda gatnaşan mekdebimiziň türgeni H.Toýçyýewyň itekläp götermek görnüşi boýunça üstünlikli çykyş edip, bürünç medalyň eýesi bolandygy aýdyldy. Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň dolandyryş-hojalyk bölüminiň baş hünärmeni A.Orazdurdyýewa söz berildi. Ol ata Wa

Gün urmasyndan goranalyň!

Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen, açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli. Tomsuna bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen, der üsti bilen bedenden köp mukdarda suwuklyk bölünip çykýar. Fiziki hereket bilen meşgullanýanlarda bu has-da ýokary. Munuň özi diňe bir bedeniň suw deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna getirýär.

Welaýatlardan habarlar

Golaýda Mary welaýatynyň köpugurly sport mekdebinde futbol boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Welaýat sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy J.Hudaýgulyýew, TFF-niň welaýat bölüminiň başlygy J.Orazmuhammedow, «Merw» sport klubunyň başlygy G.Myradow hem-de şäheriň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ý.Baýramow dagynyň gatnaşan ussatlyk sapagynda «Merw» toparyndan M.Saparow, R.Gereýhanow, P.Gazakow 5-nji sport mekdebiniň oýunçylary bilen türgenleşik geçdiler. Duşuşyk ýaşlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyryp, saýlap alan sportuna has-da höweslendirdi. Selbi HANOWA,

Sport mekdeplerinde

Golaýda Mary şäheriniň Ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinde hormatly Prezidentimiziň türkmen milli oýunlaryny wagyz etmek baradaky tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, sport mekdebiniň türgenleriň arasynda «Aýterek-günterek», «Ogar-ogar», «Guba gazlar» atly türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşikler guraldy. Oýunlar gyzykly, göçgünli we özüne çekiji ýagdaýda geçdi. Ata-babalarymyz hem şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, çagalar üçin köpsanly oýunlary döredipdirler. Milli oýunlar dürli ýerlerde ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjüňi we çalasynlygyňy artdyrmak ýaly adaty endiklerden başga-da, çagalarda zehini hem-de ruhy-ahlak häsiýetleri, tutanýerliligi, sazlaşykly hereket etmek başarnygyny kemala getirmäge gönükdirilendir. Milli oýunlar boýunça geçirilen bäsleşiklerde tapawutlanan türgenlere Hormat hatlary gowşuryldy.

Ýurdumyzyň futzal çempionaty

5-nji iýulda toparlaryň sekizisiniň («Köpetdag», «Senagatbank», «Migrasiýa», «Gümrükçi», «Serhetçi», «Milli goşun» – hemmesi-de Aşgabat şäheri, TNGIZT, «Deňizçi» – ikisi-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri) gatnaşmagynda Türkmenistanyň nobatdaky futzal çempionaty – «Naýbaşy ligasy» başlanar. Futzal çempionaty dört aýlawdan ybarat bolup, jemleýji, 28-nji tapgyrynyň duşuşyklary şu ýylyň 6-njy noýabrynda geçiriler. «Naýbaşy ligasynyň» duşuşyklary Aşgabat, Mary, Türkmenbaşy hem-de Daşoguz şäherlerinde geçiriler.

Gandbol meýdançasynda

Gandbol boýunça 2007-2008-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasyndaky paýtagtymyzyň açyk birinjiligini Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi hem-de müdirligiň garamagyndaky 8-nji sport mekdebi gurady. Oňa paýtagtymyzyň sport mekdepleriniň toparlary gatnaşdylar. Paýtagtymyzyň 2-nji orta mekdebinde ýaýbaňlandyrylan bäsleşik diýseň çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Netijede Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 8-nji sport mekdebinde tälim alýan ýaşlardan düzülen topar ýaryşyň ýeňijisi boldy. Bu topara 8-nji sport mekdebiniň hünärmeni Baýram Çulumbaýew baş tälimçilik etse, şol mekdepden Zarina Myradowa toparyň birkemsiz türgenleşdirilmegine ýardam etdi. Paýtagtymyzyň 11-nji sport mekdebiniň ýetginjekleri 2-nji orna mynasyp boldular. Topary mekdebiň ussat tälimçisi Nurgözel Öwezowa ýaryşa taýýarlady. Ýaryşyň iň netijeli toparlarynyň ilkinji üçlügini jemlemek bolsa paýtagtymyzyň 9-njy sport mekdebiniň ýetginjeklerine miýesser etdi. Mekdebiň gandbolçy ýetginjekleri Swetlana Hannyýewanyň hem-de Oksana Kobzewanyň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar.