"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Oýtakda — gawun, dagda — sogan

Gyzylarbatly bakjaçylaryň harmanynyň buşlukçysy Eşidensiňizem, görensiňizem, «Bazardan bal akýar» diýilýän mahalda, gök-bakjanyň leýs ýetişen döwri «Gyzylarbadyň gawuny», şonuň gapdalyna goşulybam, «Oýtakda biten gawun» diýilýänini. Ýogsamam Aşgabat  — Türkmenbaşy awtomobil ýoluna nesibäňiz çekse, Bamydan ötüp, Zaw obasynyň çägine girseňiz, tä Berekede çenli aralykda gawun-garpyz harman bolup durandyr. Hemmesem Gyzylarbatda biten, oýtakda bişen gawun-garpyz, kädi, käşirdir...

Hindistan soganyň ýarym million tonnalyk ätiýaçlygyny döreder

Hindistanyň hökümeti zerurlyk dörän halatynda içerki bazardaky islegleri kanagatlandyrmak we nyrhlaryň kadalylygyny üpjün etmek üçin ýarym million tonnalyk sogan ätiýaçlygyny döretmäge girişdi. Häzirki wagta çenli şu maksat bilen daşary ýurtlardan, takmynan, 71 müň tonna sogan satyn alyndy.

Harmanyňa bereket, gallaçy!

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Ýur­du­myz­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len guş­gur­sak ak bug­da­ýyň her bir dä­ne­si­ni yr­ýa et­män ýyg­na­mak we döw­let har­ma­ny­na tab­şyr­mak üçin ýa­şu­lu­la­ryň ak pa­ta be­re­ni­ne köp wagt ge­çe­nok. Şeý­le-de bol­sa ýer­ler­de iş­le­riň saz­la­şyk­ly gu­ral­ma­gy ne­ti­je­sin­de, gal­la ka­bul ediş no­kat­la­ry­na ak bug­da­ýyň ýüz­ler­çe ton­na­sy ge­lip go­wuş­ýar. Meý­dan­lar­da bug­daý oru­jy kom­baýn­lar­dyr aw­tou­lag­la­ryň he­re­ket­le­rin­den çen tut­sak, ar­zy­ly men­zi­liň uzak­da däl­di­gi­ne göz ýe­tir­mek bol­ýar.

Galla — mukaddes saçaklarymyzyň berekedi

24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy we onuň işi bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlan täze kärhananyň düzümine elewator we un, çörek önümleri bölümleri girýär. Bellenilişi ýaly, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm işleýär. Täze bölüm bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

Öňdebaryjy hojalyklaryň biri

Ak bugdaý etrabynyň “Üzümli toprak” daýhan hojalygy galla taýýarlamakda şertnamalaýyn borçnamasyny ilkinjileriň hatarynda berjaý eden öňdebaryjylaryň biridir. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly günlerinde agzalan daýhan hojalygy boýunça guşgursak ak bugdaýyň 399 tonnasy Watan harmanyna tabşyrylyp, ajaýyp zähmet üstünligi gazanyldy. Tejribeli daýhan Annageldi Annaýewiň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalygynda 85 gektarda dänäniň bereketli hasylynyň ýetişdirilip, her gektaryň hasyllylygynyň 47 sentnere ýetirilendigini bellemek ýakymly. Ykbalyny topraga baglan tejribeli daýhan meýdanlardan samany ýygnap, sürüm işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmekde we topragy geljekki hasylyň ekişine taýýarlamakda yhlasly zähmet çekýär. Bu işde oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanýar.

Zähmet joşýar ak bugdaýly meýdanda

Geçen ýylyň altyn güýzünde 170 müň gektara ak bugdaýyň tohumyny sepen Mary welaýatynyň hasyl ussatlary galla oragyny gowşamaýan depginlerde gyzgalaňly dowam etdirýärler. «Marygallaönümleri» önümçilik birleşigine degişli 45 sany galla kabul ediş nokadynda ýygnalan hasyl bökdençsiz kabul edilýär. Ýüzlerçe galla orujy kombaýnyň sazlaşykly hereketi ýetişen hasyly çalt we zaýasyz ýygnap almaga ýardam berse, «Maryobahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda ýola goýlan sazlaşykly işler iş öndürijiligi ýokary kombaýnlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär. Tehniki hyzmatlaryň iş üstünde ýola goýulmagy her bir kombaýnyň iş öndürijiligini artdyrýar. Hünärmenler häzir her gektardan alynýan hasyly saldarlap görmek bilen, şu ýyl gallaçylara azyndan 345 müň tonnalyk sepgidi eýelemäge mümkinçiligiň bardygyny çaklaýar. Gazanylýan zähmet üstünliklerinde Türkmengala etrabynyň gallaçylary köplere nusga bolýar. 14 müň gektarda bereketli hasyl ýetişdirilip, möwsümde etrap boýunça 29 müň 400 tonna bugdaýyň ýygnalmagyna garaşylýar. Gündelik 30-a golaý kombaýn işe çykarylyp, 1 müň tonna töweregi hasyl ýygnalyp alynýar we ol bada-bat galla kabul ediş nokadyna tabşyrylýar. Galla oragynda etrabyň Magtymguly adyndaky, Kemine adyndaky, «Arzuw» daýhan birleşikleriniň hasyl ussatlary hem-de «Senetçi daýhan» we telekeçi Maýa Rejebowanyň ýolbaşçylygyndaky da

Topraga yhlas — berekediň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeler ýylyň-ýylyna ýetişdirilýän hasylyň artmagyny üpjün edýär. Şu günler hem ekin meýdanlarymyzda galla oragy barha gyzyşýar. Edermen gallaçylarymyzyň Watan harmanyna tabşyran ak bugdaýynyň eýýäm 1 million tonnadan geçendigi hem topraga siňdirilýän umumy yhlasyň guwandyryjy netijeleridir. Ata-babalarymyz topraga, hasyla hormat bilen garamalydygyny terbiýe mekdebiniň bir sapagy hökmünde durmuşymyza ornaşdyrypdyrlar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Döwek döwülýän wagtynda Mirhaýdar babanyň hormatyna, harmanyň ýele tarapynda taýak dikilipdir. Hasyldan alnan däneden ilki bilen ýarma taýýarlanypdyr. Soň bugdaý üwelip un edilipdir we tamdyrlara yzly-yzyna ot goýberilipdir. Täze bişen çörek birek-birege hödür edilipdir. Sebäbi çöregiň tagamyndan bugdaýa edilen yhlasy duýupdyrlar». Bu aýdylanlar halkymyzyň ak bugdaý, umuman, hasyl, zähmet bilen baglanyşyklylykda ýerine ýetirilýän işleriň ählisine başdan-aýak uly yhlas bilen çemeleşendiklerini, ol zatlaryň aňyrsynda-da agzybirlik atly güýjüň durandygyny görkezýär.

Bereket çeşmesi — guşgursak bugdaý

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyz rowaçlyklaryň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelerde ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny toplumlaýyn esasda ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak, azyk bolçulygyny döretmek, şeýle hem pudagyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Munuň özi oba hojalyk toplumynyň döwrebap derejede düýpli özgerdilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Yhlasa - myrat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen her ýylda bereketli toprakdan bol hasyl alynýar. Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde, şeýle hem hormatly il sylagly ýaşulylarymyzyň “Her bir dänäň müň bolsun!” diýen sözler bilen ekişe badalga berlenden soň ene topraga atylan her bir däne müň bolup bereket nury seçilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, amala aşyrmak maksady bilen ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreler ylmy esasda yzygiderli wagtly-wagtynda ýerine ýetirildi.

Welaýatymyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär

Bereket önýän meýdanlar Welaýatymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, şu ýyl Akdepe etrabynyň gallaçy daýhanlary hem ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda ýadawsyz zähmet çekdiler. Şonda olar geçen ýylyň güýzünde ekiş geçirilen 35 müň gektar meýdandan 63200 tonna ýokary hilli däne öndürmegi öňlerinde maksat edinip goýmak bilen, bu gadymy ekiniň idegini ýetirmäge çalyşdylar. Etrabyň gallaçylarynyň şeýle agzybirlikli aladalarynyň oňat netijeleri berendigini häzirki wagtda olaryň ýerlerinde dowam etdirilýän hasyl ýygymynda gazanylýan öňegidişlikler aýdyň tassyklaýar.

Ene toprak bereket eçilýär

Ene ýeriň dilini tapyp, ondan bol hasyl almagy başarýan janypkeş daýhanlary hemmetaraplaýyn goldaýan, olaryň işleriniň ilerlemegi üçin ähli tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Liderine türkmen daýhanlary egsilmez alkyşlar aýdýarlar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, döwletimizde bereketli ýerden bol hasyl almak, ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanmak, ekinleri hem-de topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly işlere giň gerim berildi. Däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk hem-de bu pudagyň beýleki ugurlary sazlaşykly ösdürildi. Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalanmagyna ägirt uly möçberde maliýe serişdeleri goýberildi. Iň öňdebaryjy önüm öndüriji ýurtlaryň kuwwatly tehnikalary yzygiderli satyn alnyp, önümçilige ornaşdyryldy. Bu bolsa türkmen daýhanlaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şeýle-de olaryň öndürýän oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýylsaýyn ýokarlandyrylmagy, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, olara tehniki hyzmatlaryň, tohumyň, mineral dökünleriň ýeňillikli şertlerde berilmegi daýhanlaryň buýsançly başlaryny Göge ýetirdi. Şonuň ýaly hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatlarynyň çözgütlerine we hormatly Prezidentimiziň gol çeken

Bagym bar — barym bar

Ene ýeriň gelşigi — bag, baglaryň ýaraşygy bolsa olaryň miweleridir. Baglara ideg etmek, datly miweleri ýetişdirmek ýaly sogaply iş bilen bagbançylyk kärini söýýän, bu ýeňil bolmadyk kesbiň inçe syrlaryny kämil bilýän adamlar meşgullanýarlar. Bagbanyň işiniň aýratynlygy bolsa onuň şu günüň däl-de, geljegiň aladasy bilen ýaşaýanlygyndadyr. Sebäbi baglar özüni ekenden, ösdürip ýetişdirenden hem uzak ýaşaýarlar. Şonuň üçin halkymyzda owaldan bäri daragt ekene, oňa hyzmat edene uly sarpa goýulýar. Ile-ýurda gerekli iş bilen meşgullanyp, sylag-hormata mynasyp bolýan adamlaryň biri-de Narbaý Hamidowdyr. Ol Köýtendag etrabynda tejribeli bagbanlaryň biri hasaplanylýar. Narbaýyň zähmet ýoluna nazar aýlanyňda, onuň ykbalynyň oba hojalygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna göz ýetirýärsiň. Ol 1993-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini üstünlikli tamamlap, agronomçylyk hünärini ele aldy. Geçen ýyllarda öz saýlap alan ugrundan dürli wezipelerde abraý bilen zähmet çekdi. Ýokary mekdepde alan çuňňur bilimi, toplan uly iş tejribesi oňa özüniň hususy işini üstünlikli ýola goýmagyna mümkinçilik berdi. Munuň üçin ýurdumyzda amatly şertler hem döredilýär.

Galla — mukaddes baýlygymyz

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 24-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň tabşyrylandygy hakdaky hoş habaryň aýdylmagy ählimizi begendirdi. Çünki ak bugdaý halkymyzyň mukaddes baýlygydyr, bereket-bolçulygyň çeşmesidir. Diýarymyzda ak bugdaýyň ýylyň-ýylyna ýokary hasylynyň ýetişdirilmegi azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň kepili bolup durýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda hem guşgursak ak bugdaýyň bol hasyly kemala getirildi. Häzirki gyzgalaňly günlerde welaýatymyzyň ak ekin ussatlary bereketli hasyly ýitgisiz ýygnamakda yhlasly we tutanýerli zähmet çekýärler. Däne ýetişdirilen 195 müň gektar meýdandan ýokary hilli bugdaýyň 400 müň tonnasyny taýýarlap, Watanymyzyň galla harmanyna saldamly goşant goşmagy belent maksat edinýän welaýatymyzyň gallaçylarynyň şu günlerki alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Gyzgalaňly günlerde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat we etrap komitetleriniň wekilleri tarapyndan gallaçylaryň armasy ýetirilip durulýar, öňdebaryjylar höweslendirilýär.

Arzyly pellehana golaýlaýar

Oba hojalygynda jogapkärli möwsüm bolan galla oragy Sarahs etrabynda hem gyzgalaňly dowam edýär. Bol hasylly meýdanlarda päk zähmetiň joş alýan günlerinde etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gallaçylaryň arasynda bolup, olaryň armalaryny ýetirýärler, öňdebaryjylary höweslendirýärler hem-de zähmet ýeňşine ruhlandyrýarlar. Etrap boýunça däne ýetişdirilen 22 müň 900 gektaryň aglabasynyň hasyly ýygnalyp, galanlarynda kuwwatly kombaýnlar bökdençsiz işledilýär. Ýygnalan hasylyň dessine kabul ediş nokatlaryna daşalmagy gazanylýar. Gyzgalaňly günlerde işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy, meýdandaky dokmaňyz ak bugdaýyň ýitgisiz ýygnalmagy galla harmanynyň barha beýgelmegine getirýär. Bu bolsa gallaçylarymyzy arzyly pellehana barha golaýladýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri bolup, möwsümiň ahyryna çenli gallaçylaryň arasynda höweslendiriş işlerini netijeli alyp bararys.

Galla — 2024

Batly gadamlar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda zähmetsöýer kärendeçilerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli göwrümli işleri durmuşa geçirip, ýeňişli sepgitlere eýe bolýarlar.

Gant şugundyry: aralyk ekiniň ekişi

Düşewüntli işiň aladasy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary bilen täze hasyl üçin 17 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek barada şertnama baglaşyldy. Paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşan kärendeçiler tehnika, ýokary hilli tohum, mineral dökünler, ekinleriň kesellerine we zyýankeşlerine garşy himiki serişdeler bilen üpjün edilýär.

Bagym bar — bossanym bar

Ýer — hazyna Pederlerimiz ýöne ýerden “Ýer — hazyna” diýip aýtmandyrlar. Munuň hakykatdan-da şeýledigini keremli toprakdan bol hasyl alyp gelýän ýer eýeleriniň mysalynda görmek bolýar.

Gün nuruna öwşün atýan meýdanlar

Galla — 2024 Şu günler welaýatymyzyň gallaçylary gyzgalaňly we jogapkärli günleri başdan geçirýärler. Olar Gün nury siňen bugdaý meýdanlarynda zähmet çekme kemini goýanoklar. Arly ýyl daýhan azaby siňen ekin meýdanlarynda altyn öwsüp bişen bugdaýyň oragy gowşamaýan depgin bilen dowam etdirilýär. Gallaçy daýhanlaryň yhlas siňdirip ýetişdiren guşgursak bugdaý hasylynyň Watan harmanyna ýitgisiz tabşyrylmagyna sürüjiler, mehanizatorlar mynasyp goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kämil kombaýnlary, kuwwatly awtoulaglary galla oragynda netijeli işledilýär.

Yhlasy ýerine düşdi

Bereket etrabynyň «Isgender» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda bolup, alnyp barylýan işler bilen tanşanyňda, bugdaý hasylyndan belent harman döredýän kärendeçileriň köňüllerinde beslän arzyly sepgitlerine ýetýändiklerine buýsanýarsyň. Diňe bir bu daýhan birleşiginde däl, eýsem, tutuş etrapda tanymal ekerançylaryň biri bolan Baýrammämmet Çopanowyň hem buýsançly nazaryndan alan hasylyndan göwnüniň hoşdugyny aňmak kyn däl. Ol ideg edýän 40 gektar ýerinden 185 tonna bugdaý hasylyny alyp, şertnamalaýyn borçnamasyny etrapda ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetiripdir. Topraga bagry badaşan kärendeçi her gektardan alan hasyly 46 sentnerden geçipdir. — Ene topraga halal hyzmat edip bilseň, ol berekedini bolluk bilen eçilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bize ýerden bol hasyl almak üçin ähli şertleri döredip berýär. Tabşyran hasylymyz üçin nagt hasaplaşyk öz wagtynda geçirilip dur. Häzir meýdandaky samany ýygnap, bereketli topragy öňde duran güýzlük bugdaý ekişine taýýarlap goýmak — esasy aladamyz. Şeýle hem 5 gektar ýerde ekilen pagta ideg edýäris. Bakja ekinleriniň ýygymy hem dowam edýär. Bu işlerde maşgalam Güljemal we ogullarym bilen arkalaşýaryn. Döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden alkyş aýdýarys — diýip, ussat kärendeçi Baýrammämmet Çopanow buýsanç bilen gürrüň berýär.

Zähmet abraý getirýär

Daýhan zähmeti bilen kemala getirilip, bereketli topragyň bezegine öwrülen tylla jygaly ak bugdaýyň bitginli hasylyny öz wagtynda ýygnap almakda kuwwatly kombaýnlara erk edýän mehanizatorlaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Şol jogapkärçilige abraý bilen hötde gelýän tejribeli mehanizatorlaryň biri-de «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatory Parahat Gulaşowdyr. Özüniň erk edýän «CLAAS» kysymly kombaýny bilen Gyzylarbat etrabynyň D.Azady adyndaky daýhan birleşiginiň galla meýdanlarynyň hasylyny ýygnamak işlerine gatnaşyp ýören mehanizatoryň gürrüň bermegine görä, ol indi on bäş ýyl töweregi wagt bäri kombaýna erk edýär, her günde 25-30 gektar meýdanyň hasylyny ýygnamagyň hötdesinden gelýär. Şeýlelikde, tejribeli mehanizator bugdaýyň Watan harmanyna ýitgisiz tabşyrylmagyna mynasyp goşandyny goşýar.