Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen, açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.
Tomsuna bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen, der üsti bilen bedenden köp mukdarda suwuklyk bölünip çykýar. Fiziki hereket bilen meşgullanýanlarda bu has-da ýokary. Munuň özi diňe bir bedeniň suw deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna getirýär.