Gulhan pälwan

20 Dekabr 2024
56

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)

Gulhan pälwan 1966-njy ýylda Aşgabadyň pagta obasynda Çary gyzy Ogulgözel bilen durmuş gurýar. Olaryň Maýa, Dünýägözel, Jeren we Täzegül, Pirguly hem-de Amanmuhammet atly ogullary bolýar. Ähli ugurda diýen ýaly kyblasynyň ýolundan ýörän Pirguly Gulhanyň pälwançylyk kesbini hem üstünlikli dowam etdirýär. Ol hem kakasy ýaly berk bedenli we uly güýjüň eýesi bolup, toý göreşlerinde abraý alýar. Ilkinji toý göreşindäki tutluşygyny Garagum sährasynyň Goňurajy obasynda Gökdepäniň Ahal obasyndan bolan Gully pälwan bilen ikinji dörtlükde geçirýär. Bu göreşde göterme emelinden başarnykly hem öz wagtynda peýdalanan Pirguly ýeňiş gazanýar we eýe bolan uly baýragy bilen kyblasyny çäksiz begendirýär.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.