Sazlaşykly ösüşleriň ýoly

20 Dekabr 2024
76

Raýatlaryň saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden hem ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýän döwletimiziň asylly maksatlarynyň myradyna gowuşmagynda bedenterbiýe we sport ulgamyna möhüm orun degişlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatarynyň yzygiderli artmagy, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň geriminiň giňemegi, türgenlerimiziň dünýäniň çar ýanynda geçirilýän halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi Garaşsyz Watanymyzda sporty ösdürmek ugrunda döredilýän giň şert-mümkinçilikleriň ajaýyp miweleridir.

Diýarymyzda soňky 15 ýyldan gowrak döwürde ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda uzak geljegi nazarlaýan çuňňur oýlanyşykly işler durmuşa geçirildi. Paýtagtymyz Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp Olimpiýa şäherçesi, Hazaryň merjen kenaryndaky gözel Awazada döwrebap sport toplumy, ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerinde häzirki zaman sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi. Okgunly ösüşlerimiziň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň nyşany hem-de kämilligiň nusgasy bolan Arkadag şäherinde-de innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport desgalary halkymyza hyzmat edýär. Türgenleşikleri ýokary hilli geçirmek hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary guramak üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän köpugurly sport düzümleri türkmenistanly türgenleriň halkara ýaryşlarda gazanýan ýeňişleriniň güwäsidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ildeşlerimiziň abraýly halkara ýaryşlarda köp sanly medallary gazanyp, sport muşdaklaryny begendirmekleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

«Türkmen sporty».