"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren edebi-filosofik mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň many-mazmuny halkymyzyň watançylyk ruhuny belende götermäge, ýurdumyzyň şöhratyny, halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaşlary päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgusyndan ugur alnyp, ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy

Ýaşaýşa ýaraşyk berýän tutumlar

Gurmak, döretmek, guran hem döreden mukaddesliklerine buýsanyp ýaşamak halkymyza mahsus häsiýetlerdir. Zähmetsöýer halkymyz bu gün öz parasatly döwlet Baştutanynyň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly içeri hem daşary syýasatyna tüýs ýürekden uýmak bilen, Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň bähbidine nusgalyk işleri amala aşyrmagy başarýar. Bu buýsançly hakykata «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda gazanylan üstünlikleriň mysalynda hem magat göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ata Watanymyz Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde senagatlaşdyrmak syýasatynda Balkan welaýatyna aýratyn orun degişlidir. Diňe tamamlanyp barýan ýylda sebitde öndürilen 20 milliard manatlyga barabar senagat önümleriniň deň ýaryndan gowragy, bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynda bitirilen 10 milliardlyga barabar işiň 90 göterimden gowragy hususy eýeçiligiň paýyna düşýär. Welaýatda elektrik energiýasyny öndürmekde, uglewodorod çig mallaryny çykaryp, gaýtadan işlemekde, oba hojalyk önümlerini taýýarlamakda-da guwandyryjy netijeler gazanyldy. Geçen galla oragy möwsüminde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran mübärek iş saparynda gallaçy babadaýhanlar bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirmegi hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze

Döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalaryny özleşdirip

Ýurdumyzyň ösüş maksatnamalarynyň strategik ugurlarynyň hatarynda telekommunikasiýa we aragatnaşyk ulgamy möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda ýetilýän sepgitler milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünlikleriniň, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyzyň döredijilik güýç-kuwwatynyň güwäsine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň milli aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň çalt çözülmegi, iň öňdebaryjy enjamlaryň hem-de innowasiýalaryň ulanylmagy netijesinde Türkmenistanda telekommunikasiýalaryň köpşahaly ulgamy hereket edýär. Kommunikasiýa tehnologiýalarynyň elýeterliligi ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrýar. Häzirki wagtda sanly, kompýuter ulgamlary jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertine hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy serişdesine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda elektron önümleri we aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän maglumat bazary döreýär. Onuň ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri boljakdygyny häzirden ynamly aýdyp bileris. Bu bazaryň hereket etmegi beýleki pudaklaryň ösmegine, umuman, makroykdysady ýagdaýlara uly täsirini ýetirer.

Sagdyn jemgyýet — kuwwatly döwlet

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 25-nji dekabrda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täze saglygy goraýyş desgasynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň batly depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşmagy we gymmatly maslahatlaryny bermegi biz — lukmanlary begendiren wakalaryň biri boldy. Milli Liderimiziň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleri ylmy esasda ösdürmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýaş hünärmenleriň taýýarlanylyşyny kämilleşdirmek, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde hem-de Halkara okuw-ylmy merkezinde seljeriş-intellektual bölümini döretmek, merkezi öz işine ökde hünärmenler bilen üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet bermek, bu saglygy goraýyş edaralaryny we welaýatlaryň onkologiýa merkezlerini bir bitewi intellektual tora birikdirmegiň wajypdygy, şeýle-de onda lukmanlaryň hemişe bökdençsiz, netijeli iş alyp barmagy üçin üznüksiz aragatnaşygyň ýola goýulmalydygy barada aýdanlary, beren tabşyryklarydyr gymmatly maslahatlary ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamlaryň saglygyny goramagyň esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendiginiň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.

Tebigy gazdan alynýan önümler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap tehnologiýalaryň we öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň esasynda tebigy baýlyklarymyz netijeli peýdalanylyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy has-da ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak babatda döredýän giň mümkinçiliklerinden ugur alnyp, gaz senagatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy wezipeleriniň biri hem uglewodorod serişdeleriniň ýangyç görnüşinde eksport mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň gaýtadan işlenilýän we ekologik taýdan arassa ahyrky önümleriniň öndürilýän möçberlerini ýokarlandyrmakdan we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmakdan ybaratdyr.

Bagbanyň bagban agtyklary

Ine, ýene-de bir ýyl taryha girip barýar. Halkymyz bu ýyly hem uly üstünliklere, şanly wakalara besledi. Türkmen daýhany, bu ugurdan iş alyp barýan hususy taraplar, daýhan hojalyklary döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňilliklerden hem-de goldawlardan ýerlikli peýdalanyp, 2024-nji ýylda-da ekin ýeriniň her dabanyny alyn derleri bilen suwaryp, bol hasyl ýygnadylar. Biz hem Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda şeýle daýhanlar barada söhbet açmagy makul bildik. Kämil ýörelge — nesle görelde

«Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi: bol harytlar, ajaýyp sowgatlar, baýramçylyk ruhy

Ýüreklere joşgun, kalplara ylham, söýgi eçilýän Täze ýyl bosagada. Ýene sanlyja günden dünýäniň tas ähli ýerinde bellenilýän, diňe bir çagalaryň däl, eýsem, ulularyň hem eý görüp garaşýan bu baýramçylygyny halkymyz uly şatlyk-şowhun bilen garşylar. Hut şeýle günlerde ýakynlarymyza berilýän sowgatlaryň arzysy, täsiri başgaça. Ýurdumyzyň islendik söwda nokatlaryna, ak bazarlaryna barsaň, göwün söýen sowgatlyklaryňy tapyp bolýar. Bu baýramçylyga paýtagtymyzdaky «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde hem ykjam taýýarlyk görlüpdir. Şu ýylyň 17-nji martynda paýtagtymyzda akyldar şahyrymyzyň adyny göterýän giň şaýoluň ugrunda ýerleşýän iri işewürlik hem-de söwda-dynç alyş merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Täze toplum açylan badyna işewürlik durmuşynyň işjeň merkezine, lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrülip, bu ýerde täze iş orunlarynyň ýüzlerçesi döredildi. Umumy meýdany 4,7 gektara barabar bolan merkez Täze ýyly ilkinji gezek garşylaýar.

Tunisli ýyldyz — Türkmenistanda

Düýn paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dowam edýän konsert maksatnamalarynyň çäklerinde Tunis Respublikasynyň meşhur estrada ýyldyzy Amani Swissi çykyş etdi. Ýurdumyzda ozal hem myhmançylykda bolan zehinli aýdymçy arap we türkmen dillerinde ýerine ýetiren çykyşlary bilen watandaşlarymyzyň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Bizem Amani Swissi bilen söhbetdeş bolup, onuň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. — Türkmenistana ilkinji gezek 2022-nji ýylda gelipdim. Şonda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki sahnada konsert maksatnamasy bilen çykyş etdim. Dünýä belli aýdymçy-sazandalaryň gatnaşmagynda geçirilen bu dabara ýatda galyjy boldy. Bu gezek hem meni türkmen myhmansöýerligi bilen mähirli garşyladylar. Aşgabadyň gözelligi ylhamyňy joşdurýar. Şäheri soňky gezek synlanyma o diýen bir kän wagt geçmese-de, onuň öňküsinden-de owadanlaşandygy aýdyň görünýär. Bu Türkmenistanda beýik özgertmeleriň durmuşa geçirilýändiginden, türkmen halkynyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyndan habar berýär.

Bilim — belentliklere badalga

Täze ýyl barha golaýlaşdygyça, şu ýylda amala aşyrylan işlere nazar aýlap, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň, hakykatdan-da, şanly wakalara, guwandyryjy üstünliklere beslenendigine ýene bir gezek aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu ýylda bilim ulgamynda hem üstünlikler gazanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň we ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň mazmuny baýlaşdyrylýar. Okuw işine ylmyň täze gazananlary, interaktiw-multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Täze açylýan mekdeplerde okuwçylaryň netijeli okamagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, mugallymlaryň talabalaýyk işlemegi üçin oňaýly şertler bar. Golaýda welaýatymyzda ulanmaga berlen 600 orunlyk umumybilim berýän mekdepde we 240 orunlyk çagalar bagynda hem ýaşajyk raýatlar üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Agyr atletika: dünýä rekordlary we 28 medal!

Türkmen agyr atletikaçylary Kataryň paýtagty Doha şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda dünýä rekordlarynyň ikisini täzeläp, 28 medal gazandylar. Olaryň 11-si altyn, 8-si kümüş, 9-sy bürünç medallardyr. Çempionatda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şahzadbek Matýakubow ýene-de iki sany dünýä rekordyny täzeledi. 102 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz agyrlygy silterläp galdyrmakda 177 kilogramlyk netije görkezip, bu ugurda altyn medalyň eýesi boldy. Ştangany silterläp galdyrmakda bolsa netijesini 219 kilograma ýetirdi. Munuň özi Şahzadbegiň ozal hem özüne degişli bolan ýaşlaryň arasyndaky dünýä rekordyny täzeländigini görkezýär. Ol sentýabr aýynda goýan rekordyny 3 kilogram artdyrdy. Bu çykyşyň has guwandyryjy tarapy bir rekordyň ikinji bir rekorda-da sebäp bolmagydyr. Çünki Şahzadbegiň umumy görkezijisi 396 kilograma ýetdi. Bu netije-de ýaşlaryň arasyndaky täze dünýä rekordydyr.

Dostlaryň dekabr duşuşygy

Dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigini GDA döwletleri bilen taryhyň dowamynda emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyz hem aýdyň görkezýär. 1991-nji ýylyň 8-nji dekabrynda döredilen bu iri sebit guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyklaryň oňa agza ýurtlaryň ählisiniň bähbitlerinden ugur alýandygy dostluk köprüleriniň barha mäkämleşmegine ýardam edýär. GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Türkmenistan oňa gatnaşyjy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň tarapynda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň GDA ýurtlarynyň Liderleriniň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen resmi däl sammitine gatnaşmagy-da dostlukly gadamlaryň dowamly häsiýete eýediginiň beýanyna öwrüldi. Geçen ýyllaryň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary halkara derejesinde birek-birek bilen ylalaşykly, özara goldaw bermek arkaly ýola goýlan hereketlere ygrarlydyklaryny subut edip gelýärler. Muňa BMG-niň çäklerindäki ses berlişiklerde GDA ýurtlarynyň özara goldaw bermek tejribesi hem guwandyryjy mysaldyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkara münberinden öňe süren başlangyçl

Rowan saňa, dowam saňa, Täze ýyl!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilen ýylymyz ahyrlap barýar. Täze ýyly Beýik Ogullar reýhana kalplarynyň beýany bolan şygyr bilen, aýdym bilen, mukam bilen mübärekleýärler. Nesip bolsa, geljek ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanar, özi-de halkara derejesinde. Mähriban Arkadagymyzyň ýürekden çykan döwletli başlangyjynyň gyzgyn goldaw tapmagy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçjekdiginiň özi nämä degmeýär?! Parahatçylyk we ynanyşmak ahyry giň dünýäni saklaýan kökler.

Däp bo­lan dost­lu­ga yg­rar­ly­lyk

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş saparynda boldy. Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da hormatly Prezidentimiz «Igo­ra» gyş­ky sport oýun­la­ry top­lu­my­nyň Buz­ly köş­gü­ne bar­dy. Bu iri top­lum ýa­ryş­la­ry we tür­gen­le­şik­le­ri, dür­li de­re­je­li çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin kö­pu­gur­ly meý­dan­ça bo­lup dur­ýar. Onuň dü­zü­min­dä­ki Buz­ly köşk buz­ly meý­dan­ça­ny, mas­la­hat­lar za­ly­ny we beý­le­ki des­ga­la­ry özün­de jem­le­ýär.

Üns mer­ke­zin­de — aw­tos­port hem eko­lo­gi­ýa

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere gelip, onuň taslamalary bilen tanyşdy. Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za Aw­to­mo­bil sport top­lu­my­nyň bi­na­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň taý­ýar­la­nan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ha­sa­ba­ty ka­bul edip, il­ki bi­len, bu kün­je­giň öz­bo­luş­ly te­bi­ga­ty­ny, ösüm­lik dün­ýä­si­ni syn­la­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Aw­to­mo­bil sport top­lu­my bi­na edi­len­de, bu kün­je­giň öz­bo­luş­ly te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na üns be­ril­me­li­dir.

Baş mak­sat — il sag­ly­gy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Bu ýer­de Mil­li Li­de­ri­miz gur­lu­şyk­da ula­nyl­ýan se­riş­de­le­riň gör­nüş­le­ri bi­len tan­şyp, ola­ryň on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy ba­bat­da bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni, gur­lu­şyk we be­zeg se­riş­de­le­ri­niň uzak möh­let­le­ýin­lik, berk­lik şert­le­ri­ni özün­de jem­le­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Soň­ra luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­ra­ma­gy­na tä­ze top­lu­myň bi­na­la­ry, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry, en­jam­laş­dy­ry­lyş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri ba­ra­da­ky şe­kil tas­la­ma­la­ry gör­ke­zil­di. Olar ba­ra­da sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri M.Mäm­me­dow we se­bit­de iň iri Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­ziň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp bar­ly­şy­na jo­gap­kär ýol­baş­çy N.Aman­ne­pe­sow ha­sa­bat ber­di.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 12-nji de­kabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň «Woz­rož­de­ni­ýe» tas­la­ma-gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy Igor Bu­ka­to­ny ka­bul et­di.

Medeni habarlar

Bazar öwüşginleri Şu günler Täze ýylyň şatlygy paýtagtymyzdan başlap, welaýatlarymyza çenli ýaşyl arçalaryň reňbe-reň öwüşginlerine beslenýär. Ýöne bazarlardaky sowgatlyklardyr miweleriň, gök we bakja önümleriniň dürli görnüşli öwüşginleri has-da täsirli. Bazar içindäki bazary ýada salýan Täze ýylyň özboluşly bazarçalary owadan gutulardyr örme sebetlerdäki üýtgeşik sowgatlyklary bilen kalbyňy heýjana salýar. Ýaşyl arçalar, olaryň dürli bezegleridir jäjekler bazar bolçulygy bilen diýseň sazlaşýar.

«Akyl­ly» şä­he­riň şöh­ra­ty dün­ýä dol­ýar

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da bi­na edil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň şe­kil tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy.

Türk­menistan — Malaýziýa: ta­ry­hyň tä­ze sa­hy­pasy

Türkmenistan bilen Malaýziýany birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we ägirt uly mümkinçilikler häzirki döwürde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 18-19-njy dekabrda bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary hem türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany açdy. Sy­ýa­sy dia­lo­gy do­wam et­di­rip

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» at­ly ki­ta­by­nyň ýa­pon di­lin­dä­ki ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, döwlet Baştutanymyzyň çuň ma­ny-maz­mun­ly bu ese­ri dur­muş ul­ga­my­nyň dür­li ugur­la­ryn­da aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýan we eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­ýan türk­men ýaş­la­ry­na ba­gyş­lan­ýar. Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da çap­dan çy­kan we türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li üçin mö­hüm gol­lan­ma öw­rü­len bu ki­tap da­şa­ry döw­let­ler­de hem uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­dy. Onuň Su­ku­ba uni­wer­si­te­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ýa­pon di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ösü­şin­de no­bat­da­ky mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. Şeý­le hem bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ede­bi-fi­lo­so­fik ese­ri ter­ji­me edil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gahryman Arkadagymyzyň bu ki­ta­by şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da ýa­pon di­lin­de çap­dan çyk­dy.