"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Garaşsyzlyk ýyllarynda galkynan türkmen sporty

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny giňden belleýär. Taryh üçin örän gysga wagtyň içinde Türkmenistan bedew batly ösüşleri bilen dünýä ýüzünde giňden tanaldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanyldy. Şonuň ýaly-da, geçen ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynda sport ýaly durmuş ähmiýetli ulgamlaryň ösüşi hem möhüm orun eýeledi we eýeleýär. Bu günki gün türkmen türgenleri, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanýan ildeşlerimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna uly sowgatly geldiler.Bilşimiz ýaly, adam hakyndaky alada milli Liderimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şu babatda Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ýylsaýyn okgunly ösýändigi bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Halkymyzda «Saglygym – begligim» diýen pähim bar. Bu pähim Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýratyn mana, ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň beýleki künjeklerinde täze sport desgalary guruldy hem-de bar bolanlarynyň durky täzelenildi. Elbetde, ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän täze döwrebap, halkara ülňülerine laýyk gelýän desgalaryň onlarçasynyň gurulmagy hem-de u

Ýaş nesil – ýurduň gelejegi

Milli Liderimiziň belent tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ähli raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi we olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegini gazanmak, şeýle hem ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçilikleriň saýasynda bu gün ýaşlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeläp, ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünliklere mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy kemala getirildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatynda netijeli işler ýola goýuldy.

Sport we ýaşlar syýasaty

«Aşgabat» köpugurly stadionynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk ýyllarynda sport äleminiň ösüşi barada «Rowaçlanýar bu gün türkmen sporty» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. «Aşgabat» köpugurly stadiony bilen Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi onuň guramaçysy bolup çykyş etdi. Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen sporty batly gadamlar bilen ösýär. Ýaşyl Baýdagymyzyň astynda türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Milli Liderimiziň türkmen sportuny belent sepgitlere ýetirmek barada durmuşa geçirýän tutumly işleriniň netijesinde türkmen türgenleri ussatlyk ýoluny külterläp, abraýly ýaryşlaryň medallaryna eýe bolýarlar.

Welaýatlardan habarlar

Balkan welaýatnyň sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň Balkanabat şäherindäki sport mekdepleriniň hem-de Balkanabat köpugurly sport toplumynyň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Maslahatda çykyş edenler her bir işgäriň arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeginiň, häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly öz saglygyny, şeýle-de, jemgyýetiň saglygyny goramak maksady bilen, agyz-burun örtüklerini dakynyp, 2 metr bellenen araçägi saklamagynyň her birimiziň borjumyzdygyny belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler türkmen sportunyň hak howandary hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler. Ýakup AMANOW,

Wagyz-nesihat duşuşygy

Mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünlikleri dünýäni haýran galdyrýar. Bu sport ulgamy babatda aýdylanda hem şeýledir. Türkmen türgenleri dünýä çempionatlarynda, Aziýa oýunlarynda, beýleki halkara ýaryşlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça şowly çykyş edip, ýurdumyzyň baýrak gaznasyny baýlaşdyryp gelýärler. Olaryň agramly böleginiň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarydyr uçurymlary bolmagy guwandyrýar. Ýakynda bolsa agyr atletikaçy talyp gyzymyz Polina Gurýewanyň Tokio Olimpiadasynyň kümüş medalyna mynasyp bolup, bu üstünligini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna sowgat etmegi buýsanjymyza buýsanç goşdy.

Türkmen türgeniniň üstünligi

Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysynyň wekili Isa Mammetgulýew ITF-niň Bütindünýä tennis ýaryşynyň çägindäki M15 Cairo ýaryşyna gatnaşdy. Ol ýaryş 4 – 12-nji sentýabr aralygynda Müsüriň paýtagty Kairde geçirildi. Ýaryşa Braziliýa, ABŞ, Awstraliýa, Russiýa, Ermenistan, Ispaniýa, Awstriýa, Fransiýa, Hindistan, Taýland, Alžir ýaly döwletleriň wekilleri gatnaşdy.

Bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda adam saglygyna iň gymmatly hazyna hökmünde garalýar. «Sagdyn bedende – sagdyn ruh» pähiminden ugur alýan halkymyz hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen bedenterbiýäniň we sportuň ynsan durmuşyndaky ornuna uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzda olaryň has-da ýaýbaňlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Türkmen halky gadym döwürlerde-de beden we ruhy saglygyň esaslaryna ygrarly bolupdyr. Dürli hereketli oýunlar, milli göreş we ýetginjek söweşijileriň harby taýýarlyklary hem saglygyňy berkitmäge esas bolupdyr. Şu günki günlerde ýaş nesilleriň sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Dürli ölçeglerdäki sport desgalary, stadionlar, sportuň aýratyn görnüşleri üçin niýetlenen meýdançalar dünýä ülňülerine laýyklanylyp gurulýar. Her bir raýatymyza höwesjeňler derejesinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga mümkinçiligiň bardygy bolsa ýaşaýyş jaýlarynyň we dynç alyş meýdançalarynyň töwereginde dürli sport desgalarynyň gurulýandygynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanda bedenterbiýäniň, sportuň we sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi milletiň saglygyny dikeltmäge, berk bedenli, belent ruhly we hyjuwly ýaşlaryň kemala gelmegine gönükdirilendir. Watan goragyna gidýän ýetginjeklerimiz ýaşlykdan bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýarlar, dürli tilsimlerden ba

FIFA-nyň onlaýn-maslahaty

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki bölüminiň wekili Röwşen Muhadow FIFA tarapyndan onlaýn görnüşinde guralan «Täsirli lider» maslahatyna gatnaşdy. Tälimçilik biliminiň menejerleriniň gatnaşmagynda guralýan FIFA-nyň onlaýn-maslahaty üç tapgyrdan ybarat bolup, ýakynda onuň birinjisi geçirildi.

Ringden başlanan ýol

Sportda göze görünmeýän jady bar ýaly. Ol çagalyk ýyllaryňdan başlap şeýle bir özüne çekýär-de, ýüpsüzje baglaýar welin, ondan ýaşyň bir çene baransoňam daşlaşyp biljek gümanyň ýok. Asyl bir ýoluna düşseň, käriňe, wezipäňe garamazdan, diňe bir ýaşlyk däl, eýsem, ömürlik diýen ýaly hemraň bolýar galaýýar eken. Muny her birimiz hut öz durmuşymyzdan çen tutubam aýdyp bileris. Biziň bu günki myhmanymyz Azym Täçmedow hem şeýle ýoly geçen we dowam etdirip ýörenleriň biri bolup çykdy. Ol Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlygy bölüminde bölümçe serkerdesi bolup zähmet çekýär. Ine, Azym meniň sportuň ynsan durmuşyndaky orny baradaky gürrüňlerimiň, käte baş atmak bilen, häsini berip otyr. Haçanda taryhda yz goýan meşhur kişileriň durmuşynyň sport bilen bagly sahypalaryna, aýratyn-da, okyjylarymyzyň biriniň belli fransuz kino we teatr ussady Žan-Pol Belmondo hakyndaky çaklaňja makalasynda getirilen delillere gezek ýetende welin, nämüçindir onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ýerinden gobsunyp, çala öňe süýşdi-de gürrüňe goşuldy: — Be-e, Belmondo boks bilen meşgullanypdyr diýsene. Eşitmändirin. Ýöne onuň surata düşen filmleri ýadymda. Şolaň birinde dagy boksçynyň keşbinem şeýle gowy ýerine ýetiripdir. Asyl bu, gör, nireden gelip çykdy...

Boks muşdagy Belmondo

Belli fransuz aktýory Žan-Pol Belmondo çagalykda birneme garagolrak bolupdyr. Şonuň üçin onuň ene-atasy üç gezek dagy ogluny bir mekdepden beýlekä geçiripdir. Okuwdan başga zada eli degmesin diýibem ony sport mekdebine eltip, oňa göz-gulak bolmagy tälimçilerine pugta tabşyrypdyrlar. Ilkibaşda gelejekki aktýor welosport bilen meşgullanypdyr. Soň futbol meýdanynda derwezeçi hökmünde güýjüni synap görüpdir. Ýöne orta agramda çykyş edýän boks ýyldyzy Marsel Serdana bolan hormat-sarpa, oňa meňzemäge bolan isleg Belmondony hiç öz erkine goýmandyr. 1948-nji ýylyň sentýabrynda dünýä çempionlygy ugrunda duşuşyk geçirilipdir. Altyn güýzüň şol güni Serdan 12-nji raundda Toni Zeýli nokauta ugradyp, nobatdaky dünýä çempiony bolupdyr. Jersi Sitide bolan söweşiň gidişini radio arkaly soňuna çenli diňlän Žan-Pol ertesi ir bilen boks zalynyň işiginde peýda bolupdyr.

Döwletlilik münberi

Öňňin Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy. Nesip bolsa, eziz Diýarymyzyň taryhyndaky şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljek ýeri bolan bu toplum ak şäherimiz Aşgabadyň günorta böleginde kemala gelýän täze edara ediş-medeni merkeziň ajaýyp binagärlik toplumy bilen sazlaşykly utgaşandygyny bellemek gerek. Täze desganyň ajaýyp keşbinde milli binagärlik sungatynyň iň gowy däpleri hem-de häzirki zamanyň binagärlik çözgütleri ajaýyp sazlaşygy emele getiripdir. Toplum kaşaňlygy bilen haýran galdyrýar. Onuň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr, granit we ak mermer bilen örtülen bu toplum üsti gümmezli iki gatly binany, Prezident münberini hem-de myhmanlar üçin niýetlenen 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar.

Baýramçylyk sowgady

Ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde sport ulgamy hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna uly üstünlikler bilen geldi. Ýakynda ýokary okuw mekdebimiziň talyby Polina Gurýewanyň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanan ajaýyp üstünligi milli baýramymyza özboluşly sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň adyndan olimpiýa medalyny eýelän ildeşimize Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy bolsa türkmen türgenleriň, ildeşlerimiziň buýsanjyny goşalandyrdy. Milli Liderimiziň türkmen sportuny belent sepgitlere ýetirmek üçin döredip berýän mümkinçilikleriniň çäklerinde durmuşa geçirilýän tutumly işleriň miwesi bolan bu üstünlik ýaş nesli sporta höweslendirdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly türkmen sporty üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. Şu ýylyň dowamynda agyr atletika boýunça Ýulduz Jumabaýewanyň dünýä çempiony bolmagy, Polina Gurýewanyň Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny eýelemegi türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki dabaralanmasy boldy.

Taryhda şu gün

Fransiýaly Reno Lawinelliniň 2014-nji ýylda Donesk şäherinde geçirilen bäsleşikde Bubkanyň rekordyny 2 santimetr ýokarlandyrandygyny bellemek gerek. Ýöne fransiýaly türgen şondaky 6,16 metr belentligi ýapyk binalarda geçirilen bäsleşikde gazanypdy. Açyk toplumlardaky rekord bolsa şonda elýetmezliginde galypdy.

Sagdynlyk ýörelgesi – durmuşyň gözelligi

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň güýz paslynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz: «Sport ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdyr. Bedenterbiýä we sporta biz jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şundan ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürýäris» diýip, aýratyn nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň bu pähim-parasatly sözleriniň döwrümiziň ajaýyp hakykatydygy bolsa Diýarymyzyň her bir raýatyna, şol bir wagtda hem dünýä jemgyýetçiligine mälim. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, bedenterbiýedir sport bilen meşgullanmakda Arkadag Prezidentimiziň her bir türkmenistanla nusgalyk görelde bolup durýandygy-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsanylýan, guwanylýan hakykatydyr. Bu hakykat bolsa geçen ýekşenbe gününde hem ýene bir ýola öz aýdyň beýanyna eýe boldy.

Ynsan saglygynyň goragynda

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň giňden durmuşa geçirilmegi bilen raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak we dolandyrmak maksady bilen döwlet saglygy goraýyş ulgamy kämilleşdirilýär. Döwlet saglygy goraýyş ulgamy lukmançylyk we melhemçilik işini öz içine alýar. Aslynda, «lukmançylyk (medisina)» adalgasy adamlaryň saglygyny goramaga we berkitmäge, keselleriň öňüni almaga we olary bejermäge gönükdirilen ylmyň bir pudagyny aňladýar. Adamyň saglygyny goramak çygry, tebigy gurşawyň abat saklanmagyna we onuň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen hem berk baglanyşyklydyr. Sebäbi adam, edil janly tebigatyň ähli jandarlary ýaly, arassa, tämiz howa, tebigy gözellige, ýaramly hem ýokumly, ekologiýa taýdan arassa iýmite, dürli witaminlere mätäçdir. Adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary-da tebigatdan alýar. Ilkinji nobatda, dem almak üçin howany, suwy, ýagtylygy, iýmiti, geýimi... umuman adamyň diriligi tebigat bilen aýrylmaz baglydyr. Elbetde adamyň we raýatyň ähli hukuklary hem azatlyklary biri-biri bilen jebis baglanyşykdadyr, emma döwlet tarapyndan adamyň saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň kepillendirilmegi onuň amatly daşky gurşawa bolan hukuklary bilen beýleki hukuklaryna hem azatlyklary

Sport we ýaşlar syýasaty

Hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçmegi mynasybetli TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşi welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda hoşallyk maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyza bolan hormat-sarpa beslenen maslahatda buýsançly çykyşlara giň gerim berildi. Maslahatda çykyş edenler röwşen gelejegimiz bolan ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň uly bil baglaýandygyny buýsançly belläp geçmek bilen okuw sapagynyň diňe bir talyp ýaşlarda, mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrman, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň ählisinde Gahryman Arkadagymyza, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgini döredendigi barada belläp geçdiler. Ýakup AMANOW, Balkan welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň baş hünärmeni.

Ýaşlaryň hukuk medeniýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýaşlar baradaky meseläni döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitleýär. Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ruhy-ahlak we beden taýdan kämil, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň durmuş goraglylygyna, olaryň bilim derejeleriniň döwrebaplygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň her biriniň kalbynda uly şatlyk döredip, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ata Watanymyzyň gelejegi bolan ýaşlaryň hukuk düşünjeliligini has-da artdyrmak häzirki döwrüň talaplarynyň biri bolup durýar. Çagalaryň öz hukuklaryny hem-de borçlaryny doly bilmegi we dogry özleşdirilmegi olara hukuklaryna düşünmäge, borçlaryny berjaý etmäge bolan mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyz Türkmenistan düýpli özgertmeler ýoluna düşüp, kanunyň hökmürowanlygyny, jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde öz raýatlarynyň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň hukuk ulgamy barha ösdürilýär. Milli hukuk ulgamy häzirki döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy

Mundan otuz ýyl öň özbaşdaklygyny yglan eden ýurdumyz bu gün taryhy ösüşleri bilen dünýäde ykrar edilen döwlet hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Asuda Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryndaky oňyn özgertmeleriň sazlaşykly ösüşlerini emele getirdi. Türkmenistanyň täze taryhynda Garaşsyzlygyň ösüş ýolunyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bolsa aýratyn bellemelidiris. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan dünýäniň ösüşine sazlaşykly goşuldy. Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen dünýä bileleşigindäki orny has-da pugtalandy. Aslynda Garaşsyzlygy beýleki döwletleriň we halkara guramalaryň ykrar etmegi üçin özygtyýarly döwletler bilen beýleki halkara hukugynyň subýektleriniň arasynda resmi gatnaşyklary goldamagyň esasy görnüşi bolup hyzmat edýän diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak wajypdyr. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy dünýäniň onlarça döwletleri tarapyndan ykrar edildi.

Halypa – şägirdiň esasy janköýeri

Tälimçi Sapardurdy Rahmanberdiýew Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 2-nji sport mekdebinde 2014-nji ýyldan bäri zähmet çekip gelýär. Meniň onuň bilen tanyşlygymam hut şol döwürlerden başlanýar. Bu tälimçä hormat goýmagymyň esasy sebäpleriniň biri-de, onuň öz şägirtlerine jany-teni bilen janköýerlik etmegi bolup durýar. Onuň haýsydyr bir şägirdi ýaryşda ýeňiji bolanda, Balkanabat şäheri bilen Gumdag şäheriniň arasy kän bir ýakyn bolmasa-da, ýörite gelip, maglumat bermegi, bu hakyndaky habar gazetde çap edilende bolsa tüýs ýürekden begenmegi, sagbolsun aýtmagy halypanyň öz kärine bolan söýgüsinden, eden işiniň netijesinden lezzet alýandygyndan, şägirtlerine buýsanýandygyndan, guwanýandygyndan habar berýär. S.Rahmanberdiýewiň özi hakynda gysgaça maglumat bersek, ol 1964-nji ýylda Gumdag şäherinde dogulýar. Sporta hem-de sungata höwesi çagalygyndan döreýär. Okuwçy döwürlerinde agasyndan dutar hem-de gyjak çalmagy öwrenýär. 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda karate bilen çynlakaý meşgullanyp başlaýar. 1990-njy ýyldan soň bolsa Gündogaryň başa-baş söweş sungatynyň ýene bir görnüşi bolan uşunyň inçe tilsimlerini ele almak üçin yhlasyny gaýgyrmaýar. Ýöne biziň tälimçi bilen bu günki söhbedimiz, esasan, onuň şägirtleriniň gazanan netijeleri hakynda bolar. – Sapardurdy aga, söhbedimize sport mekdebiňizde tälim berýän ugurlaryňyz baradaky

Welaýatlardan habarlar

Eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini sport bilen utgaşykly alyp barmak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Balkanabat şäherindäki sport mekdepleridir desgalarynda ýaşlaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Toplumlarda tejribeli tälimçi mugallymlaryň zähmet çekýändikleri hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýaşlarda sagdyn durmuş endikleriniň kemala gelmeginde sport we bedenterbiýe bilen bagly geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary hem öz oňyn netijesini berýär. Şeýle duşuşyklar ýaşlaryň sagdyn bedenli, ýiti zehinli, kämil ruhly, öňdengörüjilikli we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerini gazanmaga şert döredýär. Türkmen sportuny dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn! Şatlyk MUHAMMETGYLYJOW, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri.