Ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde sport ulgamy hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna uly üstünlikler bilen geldi. Ýakynda ýokary okuw mekdebimiziň talyby Polina Gurýewanyň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanan ajaýyp üstünligi milli baýramymyza özboluşly sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň adyndan olimpiýa medalyny eýelän ildeşimize Şa serpaýlarynyň gowşurylmagy bolsa türkmen türgenleriň, ildeşlerimiziň buýsanjyny goşalandyrdy. Milli Liderimiziň türkmen sportuny belent sepgitlere ýetirmek üçin döredip berýän mümkinçilikleriniň çäklerinde durmuşa geçirilýän tutumly işleriň miwesi bolan bu üstünlik ýaş nesli sporta höweslendirdi.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly türkmen sporty üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. Şu ýylyň dowamynda agyr atletika boýunça Ýulduz Jumabaýewanyň dünýä çempiony bolmagy, Polina Gurýewanyň Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny eýelemegi türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki dabaralanmasy boldy.