"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Taryhda şu gün

2004-nji ýylyň üçünji iýulynda 17 ýaşly russiýaly tennisçi Mariýa Şarapowa taryhy netije gazandy. Şol gün «Uly Tuwalga» bäsleşiginiň çägine girýän «Uimbldonyň» finalynda Şarapowa ABŞ-ly Serena Wilýamsdan 6:1, 6:4 hasabynda üstün çykyp, ilkinji gezek abraýly ýaryşda üstünlik gazandy. 1987-nji ýylyň 19-njy aprelinde Russiýanyň Nýagan şäherinde doglan M.Şarapowa professional karýerasynyň dowamynda «Uly Tuwalga» bäsleşikleriniň hemmesinde ýeňiş gazanmagy başaran az sanly tennisçileriň hataryna girýär. Ol «Uimbldon» bäsleşiginden başga «Awstraliýanyň Açyk çempionatynda» (2008), «Rolan Garrosda» (2012, 2014) hem-de «ABŞ-nyň Açyk çempionatynda» (2006) üstünliklerini baýram edipdi. Mundan başga-da, russiýaly tennisçi WTA-nyň bäsleşikleriniň 36-synda hem ýeňiş gazanypdy.

Duşuşyk geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmen halky hemişe gujur-gaýratyna, dury akyldyr paýhasyna bil baglap ýaşapdyr. Beden saglygy we ruhy saglyk jemgyýetiň sagdynlygynyň girewine öwrülipdir. Hut şu maksat bilen hem Aşgabat Dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň guramagynda ýaşlaryň gatnaşmaklarynda toplumyň mejlisler jaýynda «Sport – sagdyn durmuşyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda her bir ynsanyň beden taýdan berk we sagdyn bolmagyny gazanmak, sport we bedenterbiýäni ählihalk islegine öwürmek, sagdyn jemgyýeti terbiýelemek üçin uly işleriň alnyp barylýandygy, munuň bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýratyn bellediler. Şeýle-de, duşuşykda häzirki wagtda howanyň düzüminde zyýanly tozan bölejikleriniň agdyklyk edýändigi sebäpli agyz-burun örtügini dakynmaklygy, köpçülik ýerlerinde ulaga münülende, düşülende zyýansyzlandyryş serişdelerini ulanmaklygy, 2 metr araçägi saklamaklygy, şeýle-de, günüň dowamynda ýeterlik suw içmekligi ündediler, witamine baý miweleri, gök önümleri iýmekligi, köpräk şypaly derman otlaryndan taýýarlanylan çaýlary içmelidigi barada gi

Baş baý­rak «Ahal­da»

Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (TFF) Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ry­şyň aý­gyt­laý­jy du­şu­şy­gyn­da «Ahal» bi­len «Merw» to­par­la­ry du­şuş­dy­lar. Iki­ta­rap­la­ýyn hü­jüm­ler­de ge­çen bu du­şu­şyk­da dö­re­den müm­kin­çi­li­gi­ni has ýer­lik­li peý­da­la­nan «Ahal» 1:0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, baş baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Ahal we­la­ýa­ty­nyň to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren to­py oý­nuň 44-nji mi­nu­tyn­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan Ser­dar Gel­di­ýew ge­çir­me­gi ba­şar­dy.

Diňe bilýard barada

Küşt ýaly, örän gadymy oýun bolan bilýardyň watany Aziýa ýa-da Hindistan, käbir bilermenleriň pikiriçe, Hytaý hasaplanylýar. Ilkinji bilýard stoly käbir resminamalara görä Luis XI döwründe Fransiýada peýda bolupdyr. Ony 1469-njy ýylda Henri de Winem ýasaýar. Şol döwürleriň iňlis şalary hem bu oýny oýnapdyr. Muny 1578-nji ýylda Şotlandiýanyň şa zenany Meri Stýuartyň hatlarynyň birinde halaýan bilýardlaryny başga bir otaga geçirmegini haýyş edýän sözleri tassyklaýar. Bilýard stoly XVI asyrda häzirki zaman görnüşlerine eýe bolup başlapdyr. XIX asyryň başynda bilýard ýakymly güýmenje derejesinden çynlakaý bilimleri we başarnyklary, takyklygy, gowy gözi we hereketleriň dürslügini talap edýän sport görnüşi hökmünde uly abraýa eýe boldy. Çempionatlar geçirilip başlandy we olara jemgyýetçilik toparlary gatnaşdy.