Duşuşyk geçirildi

2 Iýul 2021
173

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmen halky hemişe gujur-gaýratyna, dury akyldyr paýhasyna bil baglap ýaşapdyr. Beden saglygy we ruhy saglyk jemgyýetiň sagdynlygynyň girewine öwrülipdir.

Hut şu maksat bilen hem Aşgabat Dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň guramagynda ýaşlaryň gatnaşmaklarynda toplumyň mejlisler jaýynda «Sport – sagdyn durmuşyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda her bir ynsanyň beden taýdan berk we sagdyn bolmagyny gazanmak, sport we bedenterbiýäni ählihalk islegine öwürmek, sagdyn jemgyýeti terbiýelemek üçin uly işleriň alnyp barylýandygy, munuň bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýratyn bellediler. Şeýle-de, duşuşykda häzirki wagtda howanyň düzüminde zyýanly tozan bölejikleriniň agdyklyk edýändigi sebäpli agyz-burun örtügini dakynmaklygy, köpçülik ýerlerinde ulaga münülende, düşülende zyýansyzlandyryş serişdelerini ulanmaklygy, 2 metr araçägi saklamaklygy, şeýle-de, günüň dowamynda ýeterlik suw içmekligi ündediler, witamine baý miweleri, gök önümleri iýmekligi, köpräk şypaly derman otlaryndan taýýarlanylan çaýlary içmelidigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ynsan saglygyny baş döwlet aladalarynyň biri hökmünde ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Uzukjemal GARAGULYÝEWA,
Aşgabat Dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.