Talyplar futzal meýdançasynda

21 Iýun 2024
54

Ýakynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp toparlarynyň gatnaşmagynda Halkara Olimpiýa güni mynasybetli «Olimpiýa ýörelgeleri bagtyýar ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrýar» ady bilen futzal ýaryşyna badalga berildi.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän ýaryşyň baş baýragy ugrunda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň futzal toparlarynyň 12-si bäsleşýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilýän ýaryşyň ýeňijisi 23-nji iýunda belli bolar.

Gurbanmyrat ORAZMYRADOW,
TDBGI-niň talyby.