Ösüş-özgerişleriň, üstünlikleriň rowaç alýan döwri

14 Iýun 2024
74

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde uly ösüşlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Bu hakykat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen bäş aýynda gazanylan durmuş-ykdysady görkezijileriň mysalynda hem öz subutnamasyna eýe bolýar. 7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren, şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem muňa bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. 

«Ýurdumyzda halkyň saglygyny berkitmek, ýaşlary sporta çekmek arkaly beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini, ösen milli sport ulgamyny rowaçlandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitler, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler hem rowaçlyklara beslenýär.

«Türkmen sporty».