Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

14 Iýun 2024
78

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlary, ak mekdepleridir çagalar baglary, döwrebap enjamlaşdyrylan edara-kärhanalary we beýleki möhüm ähmiýetli desgalary bilen sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» Arkadag şäheri munuň aýdyň beýanydyr.

Gysga döwürde gojaman Köpetdagyň eteginde peýda bolan «akylly» şäher halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň giden hatary, döwrebap awtomobil ýollary, ajap seýilgähleri bilen gözüňi dokundyrýar. Belläp geçsek, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň gerimli çäreler geçirildi. 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagynyň bir ýyllygy golaýlap gelýär. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Döwlet ähmiýetli «akylly» şäher bedew bady bilen ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ýagty geljegini nazarlap günsaýyn ösýär we özgerýär.

Abadan MEREDOWA,
Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynyň barlaghana bölüminiň müdiri.