Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary

14 Iýun 2024
78

Ýurdumyzda geljekki nesilleriň bilimli bolmagy, sagdyn ösmegi, döwrebap durmuş şertlerinden peýdalanmagy barada döwlet Baştutanymyz uly alada edýär. Ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegini berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhunda terbiýelenýän, döwrebap bilim-terbiýe alýan ýaş nesilde görýär.

Hemmetaraplaýyn kämil perzent öz-özünden döremeýär. Çaga ýaşlykdan bilim-sowat öwretmeli. Hünäre, durmuşa ugrukdyrmaly. Terbiýäniň manysy bolsa, çaga öňden ykrar edilen jemgyýetçilik we ruhy ahlak gymmatlyklaryny siňdirmekdir we ony jemgyýete peýdaly şahsyýet edip ýetişdirmekdir. Türkmen öz perzendiniň watansöýüji edep-ekramly, maksadaokgunly bolup ýetişmegi üçin uly alada edýär.

Begenç ORAZMUHAMMEDOW,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň instruktory.