Geldi Poşa pälwan

21 Iýun 2024
50

Ahal ýaýlasynyň Gökdepe etrabynyň gadymy Gökdepe (häzirki Tagan Baýramdurdyýew adyndaky geňeşliginde) obasynda 1946-njy ýylyň 12-nji fewralynda Berdimyrat Amandöwlet oglunyň maşgalasynda oglan bäbejik dünýä inýär. Oglanjyga Geldimuhammet diýip at dakýarlar. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda ýarygije Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde bolan güýçli ýertitremesinde heniz iki ýaşyny hem doldurmadyk Geldimuhammet kyblasyny ýitirýär.

Berdimyrat kiçijik wagtlary posalajyk çaga bolansoň, ene-atasy oňa: «Posalajygym, posalajygym...» diýip, söýgülemegi bilen onuň ýörgünli ady «Poşa» bolup galyberýär. Şeýlelikde, onuň nesil ýaýrawynyň hem familiýasy Poşaýewler bolýar. Geldimuhammet doganlary Han, Nabat, Ejegyz we Ogulgerek dagy bilen ejesiniň elinde terbiýelenip, kemala gelýär. 1953-nji ýylda bolsa, ýedi ýaşly oglanjyk käbesinden hem jyda düşýär. Kakasynyň Poşa ady onuň adynyň yzyna goşulyp, halk arasynda ýörgünli ady Geldi Poşa bolýar.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.