Sagdyn durmuş ýörelgesi dabaralanýar

21 Iýun 2024
62

Eziz Diýarymyzda sportuň, bedenterbiýäniň hem-de ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy ilatyň saglygy, sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik hemrasyna öwürmegi ugrundaky netijeli işleriň özenini düzýär. Şeýle ähmiýetli ädimler bu ugurlaryň sazlaşykly ösüşini şertlendirýär. Munuň özi adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletli tutumlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginden habar berýär.

Ýurdumyzda guralýan dünýä we yklym derejesindäki abraýly ýaryşlaryň hem ähmiýeti uludyr. Çünki şeýle bäsleşikler diňe bir türkmen sportunyň halkara giňişligindäki ornuny pugtalandyrmagynda möhüm mazmuna eýe bolman, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, bu ugruň ösüşiniň mizemez binýadyny kemala getirmekde hem diýseň düýpli ädimdir. Ata Watanymyz şeýle iri sport baýramçylyklaryny geçirmekde baý tejribä eýe bolan ýurtlaryň biri hökmünde tutuş dünýäde uly abraýdan peýdalanýar.

Yhlasmyrat HYDYROW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirliginiň Aşgabat şäher RÝNÝ bölüminiň Berkararlyk etrap bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni.