Jöwher paýhasyň gudraty

28 Iýun 2024
42

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ykdysady taýdan dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň biridigine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň hem rowaçlyklaryň ak ýoly bilen bedew badynda öňe barýandygyna diňe bir hakykatyň, ýagny birinji tapgyry bir ýyl mundan ozal dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň mysalynda hem halkara jemgyýetçiligi aýdyň göz ýetirdi. Taryhy jähetden alanyňda, örän gysga möhletiň içinde şeýle ajaýyp şäheriň gurulmagyny sözüň doly manysynda gudrata deňemek bolar. Muny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Köpetdagyň gözel künjeginde ak binalary lowurdap duran şäheriň peýda bolmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň gudratydyr» diýen sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir. Bilşimiz ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilip, onuň birinji tapgyrynyň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, KA-nyň işjeň agzasy.