Magtymgulynyň şygyr bossanyna seýran

28 Iýun 2024
34

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly baýramy bütin dünýäde giňden bellenilýär. Asuda asmanly parahat ata Watanymyzda Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl bolan döwründe halkara jemgyýetçiligi halkymyzyň buýsançly pursatlaryny bile paýlaşýar. Öňdengörüji, dana, parasatly akyldaryň şygyrlaryndaky türkmeniň merdanalygy, agzybirligi, dost-doganlyga bolan garaýşy, ahlak terbiýesi, edepliligi hem-de geljegi baradaky pikirleri bu gün ähli halkyň, ýaş nesliň terbiýesinde uly orun eýeleýär.

Magtymgulynyň şygyrlarynda türkmen halkynyň dünýä halklarynyň arasynda milli oýunlaryň dürli görnüşleriniň döremegine we kämilleşmegine uly goşant goşandygy, şol oýunlaryň akyl başarnygyna täsiri baradaky jümlelere duş gelmek bolýar. Akyldar şahyrymyzyň goşgularynda saglygyň gymmaty sagdyn durmuş medeniýetini we päk ahlaklylygy wagyz edýän setirleri onuň döredijiliginiň esasyny emele getirýär. Pyragynyň «Dert iňňildär» goşgusyndaky «Sadranç oýnap, nard iňňildär» ýa-da «Dert biläni» şygryndaky «Beg balasy sadranç oýnar nard bilen» diýen setirleri ünsüňi özüne çekýär. Nard halklaryň arasynda giňden ýaýran pähim-paýhas oýny bolup, ýüzi 24 hana bölünen düz tagtanyň üstünde oýnalýan 15 sany ak, 15 sany gara «heýkel-şekil» (şaşka) goýlup, ýüzünde birden alta çenli nokat goýlan iki sany daş (nard kubigi) bilen oýnalýan oýundyr. Türkmeniň gadymy oýunlary bolan sadranjyň, nardyň akyl zähmetindäki ähmiýetiniň şahyryň goşgularynda hem öz beýanyny tapmagy halkymyzyň gadymdan bäri bu oýunlar bilen meşgullanandygynyň subutnamasydyr.

Tawus MEREDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.