Arkadag şäheriniň sport mümkinçilikleri

28 Iýun 2024
23

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen bina edilen Arkadag şäheriniň sport desgalarynyň halkara ülňülerine laýyk gelmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine döwlet derejesinde berilýän uly üns-aladanyň beýanydyr. Bu ýerde bina edilen, sportuň 10 görnüşi üçin niýetlenen Köpugurly sport toplumynda geljekki çempionlary ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Onda türgenleriň sportuň erkin we grek-rim göreşi, sambo, dzýudo, basketbol, futzal, woleýbol, gylyçlaşmak, agyr atletika, boks ýaly görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilendir. Mundan başga-da, sport desgasynda fitnes zallary hem-de okuw we internet otagy bar. Ylmy-barlag otagy, bejergi-sagaldyş otagy, 50 orunlyk mejlisler zaly, şeýle hem iş dolandyryş otaglary binanyň köpugurlylygynyň üstüni ýetirýär.

Köpugurly sport toplumyna ýanaşyk ýerleşýän Sport merkezinde (suw sport toplumy) bolsa suwda ýüzmegiň ussatlary bilen birlikde, ýaş türgenlere ýokary netijeleri gazanmaga ähli şertler bar. Onda dünýä ülňülerine laýyk gelýän uly howuzda (uzynlygy 50 metr) suwda ýüzmek sporty bilen meşgullanýanlara hemme mümkinçilikler döredilipdir. Bu ýerde suw pökgüsi bilen meşgullanýan türgenler hem öz başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik alarlar. Mundan başga-da, toplumda hereket edýän çagalar üçin attraksionly suw howzy körpeleriň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolar. Toplumda hereket edýän saunalardyr fitnes zallary, ylmy-barlag we bejeriş-sagaldyş otaglary hem toplumyň mümkinçilikleriniň uludygyny görkezýär. Bu toplumda tälimçi-usulyýetçileriň 7-siniň tälim bermeginde, birwagtda türgenleriň 94-si türgenleşip biler. Bu iki ajaýyp binanyň golaýynda ýerleşýän 10 müň orunlyk stadion bolsa özboluşlylygy bilen özüne çekýär. Futbol bilen birlikde, bu ajaýyp stadionda sportuň agyr atletika, küşt, şaşka, bilýard, stol tennisi, boks, woleýbol, kenarýaka woleýboly, basketbol, tennis bilen meşgullanmaga mümkinçilikler döredilendir.

Ýusupmyrat BAÝJAÝEW,
Arkadag şäheriniň bedenterbiýe we sport müdirliginiň başlygy.