Arkadagymyzyň ak ýoly hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze ösüşlere beslenýär

28 Iýun 2024
35

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ägirt uly ösüşlere eýe bolmagynyň, dünýädäki abraýynyň has-da belende göterilmeginiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlarynyň, binýadyny goýan taryhy tutumlarynyň miwesidigi äleme aýan bolan ajaýyp hakykatdyr. «Biz Garaşsyz döwletimiziň binýadyny berkden tutduk. Onuň Beýik Galkynyşlar we täze özgertmeler eýýamyny, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni beýik ösüşlere besledik» diýip nygtaýan Milli Liderimiziň ata Watanymyza, türkmen halkyna bolan nusgalyk söýgi-buýsanjy, pähim-paýhasy ýurdumyzy Ýer ýüzüni haýrana goýýan ösüşlere, özgertmelere besledi.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyz dost-doganlygyň merkezine öwrülip, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk iň ýokary derejelere çykdy. Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda durmuş-ykdysady taýdan görlüp-eşidilmedik öňegidişlikler gazanylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan taryhy özgertmeleriniň, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmeginiň netijesinde hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kemala gelendigini nygtamak diýseň ýakymlydyr.

«Türkmen sporty».