"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda sport we ýaşlar syýasaty giň gerimde ösdürilip, bu babatda halkara tejribeleri öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyz türkmen sportuny dünýä giňişligine çykarmak, ýaşlaryň bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak, üçin bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilikleri döredip berdi we bu işler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. Bu hakykat halkara hyzmatdaşlygynda hem aýdyň beýanyny tapýar. 26-njy awgustda Türkmenistan bilen Afrika ýurtlarynyň arasynda köpugurly gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen Marokko Patyşalygynyň medeniýet, ýaşlar we sport ministri Osman El Ferdaus bilen Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň hem-de Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Welaýatlardan habarlar

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Türkmenistanyň taryhynda ilkinji olimpiýa medalyny gazanan, agyr atletika boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň agzasy Polina Gurýewany we onuň tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu taryhy waka mynasybetli Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşi, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bilen bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda Baş müdirligimiziň hünärmenleriniň we tälimçileriniň gatnaşmagynda «Sporta sarpaň üçin, sag bol, eziz Arkadag!» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler türkmen sportunyň ösmegi ugrunda edýän taýsyz tagallasy üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Sag başym — soltan başym

— Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly, ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly; — gündelik ulanýan zatlaryňyzy hem arassa saklaň, yzygiderli zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen tämizläp duruň. Çünki hapa ellerdäki wiruslar we bakteriýalar el telefonlarynda, planşetlerde, kompýuteriň klawiaturasynda, telewizoryň gözükdirijisinde, ýan torbalaryň tutawajynda we şuňa meňzeş ýygy-ýygydan ulanýan zatlarymyzda toplanyp galýar. Şonuň üçin hem, daşardan öýe gelenimizde olaryň hem tämizlenmegine uly üns bermeli;

Ýaşlar - ýurduň gelejegi

Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasyny biz uly buýsanç bilen «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri» diýip atlandyrýarys. Bu nurana döwrüň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň taryhyndaky iň ösüşli eýýamdygy bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolan beýik hakykatdyr. «Bagtyýarlyk», «bagtyýar durmuş» diýen düşünjelere diýseň köp oňat hem ajaýyp zatlaryň degişlidigi hemmä mälim. Ýöne durmuşyň bagtyýar bolmagynyň esasynda, düýp many-mazmunynda saglygyň, sagdynlygyň jemlenýändigini aýtsak, ylalaşmajak tapylmasa gerek. Saglygyň beglikdigi, hemme gowy zatlaryň sakasynyň saglykdygy, il saglygynyň ýurduň baş baýlygy bolup durýandygy barada ençeme nakyllary, pähimleri döreden ata-babalarymyz sagdyn durmuş ýörelgelerini elmydama öz ýaşaýşynyň baş kadasyna öwrüp gelipdirler. Şol ýörelgeleriň Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy hem-de parasatly baştutanlygy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze röwüşde dowam etdirilýändigi, özem dünýä nusgalyk derejede dowam etdirilýändigi şu günüň ajaýyp hakykatydyr. Pederlerimiziň saglyga, sagdynlyga esaslanýan ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny, sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ýaýbaňlandyrmak babatda badalga beren tutumly başlangyçlarynyň

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Ýakynda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşan wise-premýer jenap Serdar Berdimuhamedow Siziň Alyhezretiňiziň maňa iberen hatyny gowşurdy. Siziň Alyhezretiňize aladalaryňyz we ünsüňiz üçin çuňňur hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Sizi Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Tokio Olimpiadasynda gazanan üstünlikleri, hususan-da, ýurduňyzyň taryhynda zenanlaryň arasynda agyr atletika boýunça Olimpiýa oýunlarynda ilkinji medala mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyzlygyň beren bagty

Bu gün başymyzyň täjine deňeýän mukaddes Garaşsyzlygymyz her birimize bagtyýarlyk eçilýär. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler biziň bu günki bagtyýarlygymyzyň gönezligidir. Elbetde, bu gün Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler Watanymyzyň taryhy ösüşlerini şertlerdirýär. Ähli ulgamlarda gazanylýan ajaýyp üstünlikler bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň halkara arenasyndaky abraýyny günsaýyn pugtalandyrýar. Şeýle taryhy sepgitler milli sportumyzyň ýyl ýazgysyny hem yzygiderli bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň halkara ykrarnamasyna eýe bolýan sport diplomatiýasy türkmen sportuny ajaýyp menzillere ýetirýär. Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berlen ajaýyp sport desgalarydyr binalary, Watanymyzda geçirilýän halkara ähmiýetli sport baýramçylyklary şol menzilleriň möhüm bölegini emele getirýär. Elbetde, Arkadag Prezidentimiziň bu ugurdaky nusgalyk göreldesini bolsa bütin halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylygyny gazanmakda bahasyna ýetip bolmajak möhüm ädim hasaplamak bolar.

Taryhy üstünlige ýetiren menziller

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan günlerimizde Watanymyzyň döwrebap ösüşleri, ýeten belent sepgitleri hem-de gazanylan üstünlikler hakynda söhbet etmek diýseň ýakymly. Çünki taryh üçin örän gysga döwür bolan şol 30 ýylda ädilen taryhy ädimleriň, amal edilen beýik başlangyçlaryň, ajaýyp ösüşleriň, iňňän uly özgerişleriň, şanly wakalaryň ähmiýeti boýunça asyrlara barabardygyny buýsanç bilen bellemelidiris.

Ajaýyp stadionyň köpugurly mümkinçilikleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr. Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygy jemgyýetimiz üçin, aýratyn hem, ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaşlar üçin iň ajaýyp göreldedir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketi görlüp-eşidilmedik ösüşlere eýe boldy. Bu ugurda Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlup, ulanylmaga berilýän ajaýyp hem giň gerimli mümkinçilikleri, şertleri özünde jemleýän köpugurly sport desgalarynyň orny diýseň uludyr. Paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» köpugurly stadiony hem şeýle ähmiýetli desgalaryň biridir. Onda ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli, ruhy taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilendir. 20 müň tomaşaçy orunlyk köpugurly stadion açyk sport we türgenleşik meýdançalaryny birleşdirýär. Onuň çäginde amatly garbanyşhana we awtoulaglar üçin duralgalar ýerleşýär. Onuň esasy aýratynlyklarynyň biri-de köpugurlylygy bilen baglydyr. Onda emeli düşekli futbol meýdançasy, ýeňil atletikaçylar üçin tartan düşekli ylgaw ýodajyklary, uzynlygyna we ýokarlygyna bökmek üçin meýdança, şeýle-de gimnastika ýaryşlary we türgenleşikler üçin meýdançalar ýerleşdirilendir. Mundan başga-da, «Aşgabat» köpugurly stadionynyň binasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin türgenleşik zallarynyň 17-si bar. Munuň özi ol ýerde sag

Welaýatlardan habarlar

Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hereket edýän «Balkan» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Kim çalasyn, kim çeýe?» at bilen sport bäsleşikleri geçirildi. Çagalaryň bu bäsleşigi diýseň täsirli we çekeleşikli boldy. Onuň ahyrynda ýeňiji bolan we işjeň gatnaşan çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çagalar tomusky dynç alyş möwsüminde oňat dynç almak babatda döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Sport mekdeplerinde

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 14-nji sport mekdebinde çagalar sportuň suwda ýüzmek, suwa bökmek, suwda pökgi oýnamak ýaly görnüşleri boýunça tälim alýarlar. Suwa bökmek boýunça uly hem-de kiçi toparlary öz içine alýan bölüme çagalar 6-7 ýaşdan kabul edilýär. Mälim bolşy ýaly, sportuň suw görnüşleri bilen meşgullanmak bedeniň oňurga, bogun hem bil myşsalaryny berkidip, nerw dartgynlygyny aýyrýar, gan aýlanyşygy gowulandyryp, bedeni syrdam edýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, islendik ýaşdaky adamlar hepde-de 2 gezekden 25 minutyň dowamynda suwda ýüzende, bedende bolýan ýaramly üýtgeşmeler öz-özünden ýüze çykýar.

Dabaraly duşuşyk

Gözel Diýarymyzda ýaş nesliň başarnygyny ýüze çykarmak, ösdürmek we ylym-bilime höwesini artdyrmak sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmegini gazanmak maksady bilen, köpugurly hem netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Büzmeýin etrap häkimliginiň, TMÝG-niň Büzmeýin etrap geňeşiniň, TDP-niň Büzmeýin etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde guramagynda bu ýerde dynç alýan çagalaryň arasynda dabaraly duşuşyk geçirildi. Şeýle hem, çagalar sportuň dürli görnüşleri, milli oýunlar boýunça özara bäsleşdiler.

Täsirli söhbetdeşlik

Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä medeniýetiniň örän möhüm gymmatlyklarydyr. Bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän we ösüşe ruhlandyrýan güýçdir. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdunda – eziz Watanymyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, halkymyzyň saglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ine, şu özgertmelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi – bagtly durmuş ýörelgesi» atly şygar astynda wagyz-nesigat maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzda raýatlaryň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän giň göwrümli işleriň ähmiýeti barada hem-de her bir adamyň öz saglygy hakynda alada etmelidigini, sagdyn durmuş ýörelgelerine birkemsiz eýermelidigini aýtdylar. Şeýle-de, her bir adamyň hökmany ýagdaýda arassaçylygyň talaplarny berjaý etmelidigini, pasla görä geýinmelidigini, iş ýerinde we öýünde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmalydygyny aýdyp, sagdyn iýmitlenmegi, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän d

Türkmen sporty

Bagtyýar döwürli türkmenime ýar,Gün-günden gülleýän türkmen sporty.Altyn-kümüş medal bolup dolanýar,Gün-günden gülleýän türkmen sporty. Halka saglyk, bagtyýarlyk eçilen,Şanly ýollar ýeňiş bilen geçilen.Bu gün saňa röwşen ýollar açylan,Gün-günden gülleýän türkmen sporty.

TFF-niň täzelikleri

Mary şäheriniň «Merw» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsüminiň öň ýany tejribeli goragçy Bagtyýar Hojaahmedowy düzümine geçirdi. 36 ýaşly bu goragçynyň 2011-2012-nji hem-de 2019-njy ýyllarda «Merw» toparynda çykyş edendigini bellemek gerek. B.Hojaahmedow Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem çykyş etdi. Ýeri gelende bellesek, Mary şäheriniň «Merw» topary geçen ýyl ýurdumyzyň futbol çempionatynda 6-njy orny eýeledi.

Halypa tälimçi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak, ilatymyzyň jan saglygyny goramak ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Munuň özi raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşamagy, janlarynyň sag, berk bedenli bolmaklary üçin edilýän aladalar bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary bolsa köp derejede tälimçilere, bedenterbiýe mugallymlaryna baglydyr. Şeýle halypalaryň biri hem Türkmenistanyň Serhet institutynyň bedenterbiýe mugallymy, tejribeli tälimçi Aman Meredowdyr. Aman mugallym heniz çaga wagty futbol oýny bilen gyzyklanyp başlaýar. Onuň futbol oýnuna bolan gyzyklanmasy kakasyny diýseň begendirýärdi. Şunlukda, onuň kakasy öz oglunyň arzuw edýän käriniň eýesi bolmagy üçin çynlakaý alada edip başlaýar. Amany futbol tälimçisi Oraz Geldiýewiň türgenleşdirýän toparyna alyp barýar. Ol öz tälimçisinden futbolyň inçe tilsimlerini, pökgini derwezä dürs depmegiň usullaryny öwrenýär we orta mekdepde okaýan döwürlerinde Türkmenistanda geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Halypa tälimçi zehinli oýunçy Amanyň erjelligine göz ýetirip, onuň bilen aýratynlykda türgenleşik işlerini hem geçirip ugraýar. Türgenleşikleri özbaşdak, irginsiz, arman-ýadaman ýerine ýetirmegiň zerurdygy, diňe şeýle edilse, gelejekde üstünlikle

Hormatly ene-atalar we çagalar!

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebi täze okuw ýyly üçin 2010 — 2012-nji ýyllarda doglan oglan-gyzlary sportuň basketbol, gandbol, futbol, tennis, taýboks we söweş sambosy görnüşleri boýunça türgenleşik sapaklaryna çagyrýar. Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, «Aşgabat» köpugurly stadionynyň 9-njy sektory.

Messili meselä seljerme

Argentinaly futbol ýyldyzy Lionel Messiniň «Barselonadan» PSŽ toparyna geçenine iki hepde dagy boluberdi. Ol hakynda köp zatlar aýdyldy, ýazylan zatlaram az bolmady. Garaz, soňky günleriň esasy wakasyna öwrülen bu alyş-çalşygyň gowry häli-häzirem ýatanok. Köpler Messiniň bu ýagdaýda dogry hereket edendigini aýtsalar, «Eger ol katalon klubunda galasy gelse, galardy» diýýänlerem tapylýar. Köplük diýleni-dä. Bu ýagdaýa hernäçe düşünmäge çalyşsaň-da, düşünmesi kyn zatlar has agdyklyk edýän ýaly. Elbetde, «Barselonadan» gitmeli boljakdygyny bilen wagty Messiniň ýörite geçiren metbugat ýygnanyşygynda döken gözýaşynyň ýürekden çykandygyny hiç kim inkär edip bilmese gerek. Geliň, gowusy bolup geçen bu ahwala töwerekleýin syn bermäge çalşalyň. Messiniň gözýaşy

Taryhda şu gün

Umumytoparlaýyn bäsleşikde 121 medal toplan (46 altyn, 37 kümüş, 38 bürünç) ABŞ-nyň ýygyndysy öňdeligi eýeledi. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde 67 medal toplan Beýik Britaniýanyň (27-23-17) hem-de 70 medaly bolan Hytaýyň (26-18-26) ýygyndylary eýelediler.

Gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir nesihaty, sargydy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş nesilleri üçin durmuşda ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Sport — gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Beden we ruhy taýdan sagdynlyk adamyň durmuşa bolan ynamyny we höwesini artdyrýar. Ýaşlara berjek nesihatym, sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, saglygyň gözbaşydyr» diýen sargydy hem ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar ýaşlarynyň durmuş ýörelgesine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy bolsa ýaş nesiller üçin, elbetde, nusgalyk görelde bolup durýar. Geçen şenbe güni hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga başlan döwlet Baştutanymyz ir bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary – Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow bilen «Awaza» köpugurly sport toplumynda bolup, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

Ýaşlar sporty saýlaýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa düýpli ornaşdyrmagyň, şeýle hem türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmagyň eýýamy hökmünde Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen sport mekdeplerine ýaşlaryň uly höwes bilen gatnaýandygy bolsa bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň rowaçlanýandygynyň dabaralanmasyna öwrülýär. Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebi täze okuw ýyly üçin ýaş türgenleri saýlap-seçmek işlerine hem girişdi. Çünki mekdebimize sportuň futbol, basketbol, gandbol, tennis, söweş sambosy, taýboks ýaly görnüşleri boýunça höwesi, ukyby bolan oglan-gyzlary kabul etmek işleriniň ýaýbaňlanmagyna az wagt galdy. Nesip bolsa, sentýabr aýyndan kabul edişlik çäreleri giň gerime eýe bolar. Mekdebimizde ýaşlaryň saýlap alan sport görnüşleri bilen ýokary derejede meşgullanmaklary üçin tejribeli tälimçiler ussatlyk sapaklaryny, türgenleşikleri geçýärler.