Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir nesihaty, sargydy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş nesilleri üçin durmuşda ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Sport — gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Beden we ruhy taýdan sagdynlyk adamyň durmuşa bolan ynamyny we höwesini artdyrýar. Ýaşlara berjek nesihatym, sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, saglygyň gözbaşydyr» diýen sargydy hem ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar ýaşlarynyň durmuş ýörelgesine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy bolsa ýaş nesiller üçin, elbetde, nusgalyk görelde bolup durýar.
Geçen şenbe güni hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga başlan döwlet Baştutanymyz ir bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary – Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow bilen «Awaza» köpugurly sport toplumynda bolup, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.