Sport mekdeplerinde

20 Awgust 2021
972

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 14-nji sport mekdebinde çagalar sportuň suwda ýüzmek, suwa bökmek, suwda pökgi oýnamak ýaly görnüşleri boýunça tälim alýarlar. Suwa bökmek boýunça uly hem-de kiçi toparlary öz içine alýan bölüme çagalar 6-7 ýaşdan kabul edilýär.

Mälim bolşy ýaly, sportuň suw görnüşleri bilen meşgullanmak bedeniň oňurga, bogun hem bil myşsalaryny berkidip, nerw dartgynlygyny aýyrýar, gan aýlanyşygy gowulandyryp, bedeni syrdam edýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, islendik ýaşdaky adamlar hepde-de 2 gezekden 25 minutyň dowamynda suwda ýüzende, bedende bolýan ýaramly üýtgeşmeler öz-özünden ýüze çykýar.