Türkmen sporty

20 Awgust 2021
791

Bagtyýar döwürli türkmenime ýar,
Gün-günden gülleýän türkmen sporty.
Altyn-kümüş medal bolup dolanýar,
Gün-günden gülleýän türkmen sporty.

Halka saglyk, bagtyýarlyk eçilen,
Şanly ýollar ýeňiş bilen geçilen.
Bu gün saňa röwşen ýollar açylan,
Gün-günden gülleýän türkmen sporty.

M.BATYROW,
Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň direktory.