Sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

27 Awgust 2021
998

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda sport we ýaşlar syýasaty giň gerimde ösdürilip, bu babatda halkara tejribeleri öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyz türkmen sportuny dünýä giňişligine çykarmak, ýaşlaryň bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak, üçin bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilikleri döredip berdi we bu işler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. Bu hakykat halkara hyzmatdaşlygynda hem aýdyň beýanyny tapýar.

26-njy awgustda Türkmenistan bilen Afrika ýurtlarynyň arasynda köpugurly gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen Marokko Patyşalygynyň medeniýet, ýaşlar we sport ministri Osman El Ferdaus bilen Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň hem-de Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Güýçgeldi HOJAMYRADOW,
Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary.