Messili meselä seljerme

20 Awgust 2021
743

Argentinaly futbol ýyldyzy Lionel Messiniň «Barselonadan» PSŽ toparyna geçenine iki hepde dagy boluberdi. Ol hakynda köp zatlar aýdyldy, ýazylan zatlaram az bolmady. Garaz, soňky günleriň esasy wakasyna öwrülen bu alyş-çalşygyň gowry häli-häzirem ýatanok. Köpler Messiniň bu ýagdaýda dogry hereket edendigini aýtsalar, «Eger ol katalon klubunda galasy gelse, galardy» diýýänlerem tapylýar. Köplük diýleni-dä. Bu ýagdaýa hernäçe düşünmäge çalyşsaň-da, düşünmesi kyn zatlar has agdyklyk edýän ýaly. Elbetde, «Barselonadan» gitmeli boljakdygyny bilen wagty Messiniň ýörite geçiren metbugat ýygnanyşygynda döken gözýaşynyň ýürekden çykandygyny hiç kim inkär edip bilmese gerek. Geliň, gowusy bolup geçen bu ahwala töwerekleýin syn bermäge çalşalyň.

Messiniň gözýaşy

Orazgeldi GELDIÝEW,
«Türkmen sporty».