Halypa tälimçi

20 Awgust 2021
710

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak, ilatymyzyň jan saglygyny goramak ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Munuň özi raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşamagy, janlarynyň sag, berk bedenli bolmaklary üçin edilýän aladalar bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary bolsa köp derejede tälimçilere, bedenterbiýe mugallymlaryna baglydyr.

Şeýle halypalaryň biri hem Türkmenistanyň Serhet institutynyň bedenterbiýe mugallymy, tejribeli tälimçi Aman Meredowdyr. Aman mugallym heniz çaga wagty futbol oýny bilen gyzyklanyp başlaýar. Onuň futbol oýnuna bolan gyzyklanmasy kakasyny diýseň begendirýärdi. Şunlukda, onuň kakasy öz oglunyň arzuw edýän käriniň eýesi bolmagy üçin çynlakaý alada edip başlaýar. Amany futbol tälimçisi Oraz Geldiýewiň türgenleşdirýän toparyna alyp barýar. Ol öz tälimçisinden futbolyň inçe tilsimlerini, pökgini derwezä dürs depmegiň usullaryny öwrenýär we orta mekdepde okaýan döwürlerinde Türkmenistanda geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Halypa tälimçi zehinli oýunçy Amanyň erjelligine göz ýetirip, onuň bilen aýratynlykda türgenleşik işlerini hem geçirip ugraýar. Türgenleşikleri özbaşdak, irginsiz, arman-ýadaman ýerine ýetirmegiň zerurdygy, diňe şeýle edilse, gelejekde üstünliklere ýetip boljakdygy barada düşündirip, onuň ussat futbolçy bolmak baradaky ynamyny pugtalandyrýar.

Aýmyrat BUGRAÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy.